EXCEL-de sany ýazgyda almak.

Biz her gün öz işimizde EXCEL goşundyda dürli resminamalary düzmeli, tablisalary doldurmaly bolýarys. Ol resminamalarda köplenç sanlary ýazgyda ýazmaly bolýar.

Sany ýazgyda almak

Surat 1.

San tekst bilen

Surat 2.

Bu bolsa bizde käbir oňaýsyzlygy döredýär. Sanyň awtomat ýazgyda ýazylmagyny isleýäris. Ýöne EXCEL hernäçe akylly bolsada, biziň bu islegimizi duýmaýar we ýerine ýetirmeýär. Elbetde biz EXCEL - iň bu gyňyrlygyny ýola getirip bileris. Onuň üçin biz özümiz EXCEL - i gerek bolanda sany ýazgyda ýazyp berer ýaly etmeli.

Siz düşünen bolsaňyz gerek. Howwa, formulalary işletmeli.

EXCEL - de goýlan funksiýalary şeýle hem öz fantaziýamyzy işledip, biz bu meseläni çözüp bileris. Formulalaryň, funksiýalaryň kömegi bilen sany ýazgyda birnäçe usulda alyp bolýar. Elbetde bu meseläni amala aşrmak üçin EXCEL - iň gurallaryny, funksiýalaryny gowy bilmeli.

Köpleri gyzyklandyrýan bu meseläni çözmek üçin size hödürlejek bu taslamamyza biz ýarym sagat sarp etdik. 1000000 - a (Bir milliona) çenli sany ýazgyda nähili almalydygyny düşündirjek bu ýazgymyzy ýazmak üçin hem bir-iki sagat harçladyk. Netijede sany ýazgyda almagyň usullarynyň bize duşan we biz tarapyndan döredilen wariantlarynyň içinde bu usul biziň pikirimizçe iň sadasy bolup çykdy.

Geliň onda başlalyň.

EXCEL iş kitabynyň sahypalarynyň biriniň C3 öýjüginde islendik bir san ýazalyň. Goý ol 123456 bolsun.

Biz bu alty belgili sanyň ilkinjisini almaly, ýagny 1 23456 almaly. Bu sany 100000 - e bölüp alyp bileris. Bölmek 1,23456 netijäni berer. Ýöne bize otur belgisinden soňky sanlar gerek däl. 1 sany bitin almak üçin EXCEL - de ОТБР, ОКРУГЛ, ЦЕЛОЕ ýaly birnäçe funksiýa bar. Bularyň içinde biziň ýerine ýetirjek amalymyz üçin ЦЕЛОЕ funksiýa amatly. Şonuň üçin biz ЦЕЛОЕ funksiýany ulanalyň.

C4 öýüjkde

=ЦЕЛОЕ(C3/100000)

funksiýany bereliň.

C4 öýüjkde funksiýany dogry beren bolsak 1 san peýda bolar.

indi biz ikinji 2 sany bitinligine almaly. Muny almak üçin näme etmeli?

C5 öýjüge

=ЦЕЛОЕ(C3/10000)-C4*10

funksiýany bereliň.

=ЦЕЛОЕ(C3/10000) funksiýa bilen biz 12 bitin sany, C4*10 formula bilen 10 sany alarys. Olaryň tapawudy bize bitin 2 sany berer. Ine biz ikinji sany hem aldyk.

C6 öýjükde bize C3 öýüjkde duran alty belgili sanyň üçünji orunda duran sanyny bitin görnüşde almaly. onuň üçin bu öýüjge şeýle formula berýäris:

=ЦЕЛОЕ(ЦЕЛОЕ(C3/1000)*1000-ЦЕЛОЕ(C3/10000)*10000)/1000

Bu formula nähili işleýär?

Formulanyň içindäki ЦЕЛОЕ(C3/1000)*1000 bölegi 123000 netijäni alyp berýär.

Iknji ЦЕЛОЕ(C3/10000)*10000 bölek bolsa, 120000 sany hasaplap çykarýar.

Olaryň tapawudyny 1000 - e ЦЕЛОЕ funksiýanyň kömegi bilen bölmek arkaly biz bitin 3 sany alýarys.

Indi gezek dördünji orunda duran sanyňky. Dördünji sany bitin almak üçin C7 öýjüge

=ЦЕЛОЕ((C3-ЦЕЛОЕ(ЦЕЛОЕ(C3/1000)*1000))/100)

formula bermeli.

Formulanyň ЦЕЛОЕ(C3/1000)*1000 bölegi ýokarky üçünji sany alanymyzda ulandyk. Netijesi 123000 san. C3 öýjükdäki 123456 sandan ýokarky netijäni - 123000 sany aýryp 456 alarys. Formulanyň ahyrky bölegi ЦЕЛОЕ(456/100) funksiýa alan 456 netijämizi bitin 4 sana öwrüp berýär. Şeýlelikde dördünji sany hem özbaşyna aldyk.

Bäşinji sany almak üçin C8 öýjüge

=ЦЕЛОЕ((C3-ЦЕЛОЕ(C3/100)*100)/10)

formula berýäris.

Bu formula dogry berlen bolsa, C8 öýjükde C3 öýjükdäki duran sanyň bäşinjisi, ýagny 5 san peýda bolmaly.

Formulanyň ЦЕЛОЕ(C3/100)*100 böleginiň işleýşi hem ýokarky 3 we 4 sanlary alanymyzda ulanan formulalarymyzyň birinji bölegi bilen meňzeş. Bar tapawut ýokarkylarda düýp sany 1000 - e bölüp ýene-de 1000 - e köpelden bolsak, munda olara derek 100 san ulanyldy. Bu bölegiň netijesi 123400 san bolýar. Düýp san 123456 - dan 123400 - i aýryp, 10 bölýäris we ЦЕЛОЕ funksiýa bilen netijäni bitin sana öwürýäris, ýagny bitin 5 sany alýarys.

Iň soňky 6 - lyk sany özbaşyna almak üçin C9 öýjükde

=ЦЕЛОЕ(C3-ЦЕЛОЕ(C3/10)*10)

formula ulanýarys.

Bu formulanyň ЦЕЛОЕ(C3/10)*10 bölegi 123450 sany berer. Düýp san 123456 bilen 123450 sanyň tapawudy 6 sany berer.

C3 öýüjge islendik 1000000 çenli san ýazsak C4:C9 diapazonda şol sanyň aýry-aýry aýratynlykda agzalary peýda bolar.

Biz öz işimiziň esasy bölegini ýerine ýetirdik, ýöne häzirlikçe önümimizi gutarnykly alyp bilrmizok.

Maksadymyza ýetmek üçin ikinji tapgyra geçeliň.

F3:H12 diapazona aşakdaky tablisadaky ýaly sanlary we ýazgylary ýazalyň.

fx  
  C D E F G H
3 123456     0    
4 1     1 bir on
5 2     2 iki ýigrimi
6 3     3 üç otuz
7 4     4 dört kyrk
8 5     5 bäş elli
9 6     6 alty altmyş
10       7 ýedi ýetmiş
11       8 sekiz segsen
12       9 dokuz togsan
13            

 

G3 we H3 öýjüklere baryp boşluk düwmesini (пробель) bir-iki gezek basmak hökmandyr.

Indiki öýüjklere degişli formulalary bereliň:

E4 öýjüge =ВПР(C4;$F$3:$H$12;2)

E5 öýjüge =ВПР(C5;$F$3:$H$12;3)

E6 öýjüge =ВПР(C6;$F$3:$H$12;2)

E7 öýjüge =ВПР(C7;$F$3:$H$12;2)

E8 öýjüge =ВПР(C8;$F$3:$H$12;3)

E9 öýjüge =ВПР(C9;$F$3:$H$12;2)

D4 öýjüge =ЕСЛИ(C4>0;"ýüz";"")

D6 öýjüge =ЕСЛИ(ИЛИ(C6>0;C5>0;C4>0);"müň";"")

D7 öýjüge =ЕСЛИ(C7>0;"ýüz";"")

Öýjüklere berlen ВПР we ЕСЛИ funksiýalar barada düşündiriş berip oturmak hökman däl bolsa gerek. Bu funksiýalary bilýän bolsaňyz ünsli seretseňiz düşnüksiz zat ýokdur.

C3 öýjükdäki sany üýtgedip indi biz diňe bir onuň sanlaryny däl-de ol sanlaryň ýazgysyny hem almagy başardyk.

Önümimizi gutarnykly almak üçin jemleýji tapgyra geçeliň.

C14 öýjüge

=E4&" "&D4&" "&E5&" "&E6&" "&D6&" "&E7&" "&D7&" "&E8&" "&E9

formulany bereliň.

Bu formulany bereniňizde örän ünsli çemeleşiň, iň gowusy şu ýazgydan nusgalap alsaňyz dogry bolar.

Bu formula derek СЦЕПИТЬ funksiýasyny ulanyp bolýandygyny ýatladýarys.

Funksiýa dogry berlen bolsa, C14 öýjükde C3 öýjükdäki sanymyzyň ýazgysy emele gelen bolmaly.

Ýöne bu ýazgy üns beren bolsaňyz ejizje, ýaňy dürterip çykan ösümligiň ösüntgisini ýatladýar. Ýagny ýazgyalryň arasynda artykmaç boşluklar bar.

Bu ýetmezçiligi aradan aýyrmak üçin C15 öýjüge

=СЖПРОБЕЛЫ(C14)

funksiýany bereliň.

Ýazgylaryň arasyndaky artykmaç boşluklar ýitdi.

Ýazgyynyň ýene bir kemçiligi Ýazgy setir harp bilen başlaýar.

Bu kemçiligi C16 öýjükde

=ЗАМЕНИТЬ(C15;1;1;ПРОПИСН(ЛЕВСИМВ(C15;1)))

formulany oturdyp düzedip bolýar.

Ine, indi biziň maksadymyz hasyl boldy.

 

Sizi belki bular gyzyklandyrar.

krossword ýasamak Önümiň özüne düşýän bahasy benzin harçlamak

Informatika sapagyndan okadýan mugallymlar, MS EXCEL bilen gyzyklanýanlar üçin elektron krossword düzmegiň yzygiderliligi.

Buhgalter hasabaty - nähili öwrenmeli, nireden başlamaly?

Awtoulag kärhanalarda awtoulaglaryň sarp edýän ýangyjyny bellenen ölçeglere görä çykdajy edilişiniň elektron tablisasy.

Kategoriýa: EXCEL-iň tilsimleri | Goşan: govshudovh (20.03.2022)
Görlenler: 209 | Reýting: 0.0/0
Kommentariýalaryň hemmesi: 0
avatar