Ýangyjyň sarp edilişine MS EXCEL-iň kömegi bilen gözegçilik etmek.
14.12.2021, 03:54

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasarlary tarapyndan 2011-nji ýylyň iýun aýynyň 01-däki JT/65 belgili buýrugy bilen tassyklanan “Türkmenistanda awtomobil ulaglarynyň, tehnikalaryň hem-de mehanizmleriň ýangyjy, çalgy ýaglaryny we beýleki serişdeleri sarp ediş kadalaryna” esasynlanýan kärhanalaryň hasabynda duran ýeňil we ýük awtoulaglarynyň sarp edýän ýangyjynyň hasabatyny işleýän elektron jedwel bilelikde guralyň. Elektron jedwel ýangyjyň sarp edilişine seljerme geçmek bilen oňa gözegçilik etmäge we ýangyjyň harajatlaryny meýilnamalaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Siz biziň bilen bile gurjak ýeňil 

awtoulaglarynyň sarp edýän ýangyjynyň hasabatyny işleýän bu elektron jedwel esasynda MS EXCEL-iň käbir gurallary we funksiýalary bilen tanyş bolarsyňyz.

Jedweliň nusgasyny sahypanyň adyna "1" dakyp, aşakdaky görnüşde taýýarlalyň.

Benzin

1-nji “a” surat.

 

dizel ýangyjy

1-nji “b” surat.

Iş sahypanyň:

A3:B7 diapazonynda “Döwür”;

A8 öýjükde “Başy”;

B8 öýjükde “Ahyry”;

C3:F3 diapazonda “Awtoulag serişdesiniň”;

C4:C8 diapazonda “sürüjisiniň ady we familiýasy”;

D4:D8 diapazonda “görnüşi”;

E4:E8 diapazonda “döwlet belgisi”;

F4:F8 diapazonda “görkezijidäki belgi”;

G3:K3 diapazonda “Hasabat boýunça”;

G4:G8 diapazonda “geçen ýoly”;

H4:H8 diapazonda “harçlanan ýangyjyň möçberi (litr)”;

I4:J4 diapazonda “ýangyjyň”;

I5:I8 diapazonda “markasy”;

J5:J8 diapazonda “görnüşi”;

K4:K8 diapazonda “ýangyjyň bahasy (1 litr=manat)”;

L3:L8 diapazonda “awtoulagyň ýangyjynyň bellenen möçberi (Hs)”;

M3:S3 diapazonda “Goşmaça artdyrylýar”;

M4:N4 diapazonda “möwsümiň”;

M5:M8 diapazonda “görnüşi”;

N5:N8 diapazonda “koeffisient”;

O4:O8 diapazonda “4.5.3-6”;

P4:P8 diapazonda “4.5.7-8”;

Q4:Q8 diapazonda “4.5.5.9-11”;

R4:R8 diapazonda “5.5.12-13”;

S4:S8 diapazonda “5.5.14-18”;

T3:T8 diapazonda “azaldylýar 5.6.”;

U3:U8 diapazonda “D goşmaçalaryň jemi/tapawudy”;

V3:V8 diapazonda “Qн - umumy sarp edilmeli ýangyjyň möçberi, litr” ýazgylary ýazmaly.

Ýokarda diapazonlarda ýazan sanlarymyz nämäni aňladýar? Mysal üçin 4.5.3-6. Birinji san – 4 kadanyň sahypasy, ikinji – 5 kadanyň bölümi, soňky 3-6 sanlar abzasy aňladýar. Ýagny kadanyň dördünji sahypasynda ýerleşen bäşinji bölümiň 3, 4, 5, 6 – njy abzaslary.

Awtoulaga ýangyç harçlananda käbir aýratynlyklar üçin bellenen ölçegler artdyrylýandygy we kemeldilýändigi barada kadalarda agzalyp geçilýär. Ol artdyrmalary, kemeltmeleri ýatda saklamak kyn. Şonuň üçin olary jedwelde bellik (Примечание) görnüşde degişli öýjüklerde ýerleşdirsek, elmydama biziň göz öňümizde bolar.  

Geliň onda artdyrmalary we kemelmeleri öýjüklerde belliklerde ýerleşdireliň:

O4 öýjüge baryp “Рецензирование” goşundydan “Создать примечание” buýrugyň kömegi bilen ekrana çykan bellik üçin niýetlenen şekilde aşaky ýazgylary ýazalyň.

Ýangyja seljerme geçmek

2-nji surat.

      - ýerine ýetirýän işi ýygy-ýygydan durmagy talap edýän iýmit we ownuk ýükleri daşaýan, nobatçy, pensionerlere, maýyplara hyzmat edýän we ş.m. awtoulaglar üçin (geçýän ýolunyň 1 kilometrinde bir gezekden köp durmaly bolunýan ýagdaýda; bu ýerde swetoforlaryň, çatryklaryň ýanynda saklanandygy göz öňünde tutulmaýar) - 10% çenli;     

       - gabarasy uly, agyr agramly, howply, daşy aýnaly ýükler daşalan mahaly,   awtoulaglaryň pes tizlikde (20 - 40 км/sagat) hereket etmegini talap edýän ýagdaýlarda, sütünleýin (kalonna goşulyp) we ş.m. beýleki ýagdaýlarda hereket edilende - 10% çenli;   

        - umumy ulanylýan ýollarda ýa-da ýörite bölünip berlen meýdançalarda awtoulagy sürmek boýunça tälim berlende - 15% çenli; 

        - ýol şertleri agyr ýerlerde känlerde (karýerde), tebigy toprakly (çägelik-gumlyk) ýollarda, ekin meýdanlarynda hereket edilen mahaly (oba hojalyk işleri geçirilende) şeýle hem ýolsyz ýerlerde işlenen mahaly - 20% çenli

              P4 öýjüge:

- ulanyşda 5 ýyldan köp bolup umumy geçen ýoly 100 müň км-den ýokary bolan awtoulaglar üçin - 5% çenli, ulanyşda 8 ýyldan köp bolup umumy geçen ýoly 150 müň км-den ýokary bolan awtoulaglar üçin - 10% çenli; - düýpli abatlaýyşdan çykan awtoulaglar üçin - 5% çenli

Q4 öýüjge:

        Awtoulag serişdeleri şäherleriň we şäherçeleriň çäklerinde işlände:   

   -  Aşgabat şäherinde - 20% çenli;    

   - Türkmenbaşy şäherinde we welaýat merkezlerinde - 10% çenli;       

   - etrap merkezlerinde, şäherçelerde we beýleki köp ilatly ýerlerde (swetoforlaryň, çatryklaryň we ýol hereketiniň beýleki belgileri bolanda) - 5% çenli

R4 öýjüge:

      Awtoulag serişdeleri daglyk ýerlerde deňiz derejesinden ýokarda işlände, metr:        

    - 500-den 1500 çenli  - 5% çenli;

    - 1501-den 3000 çenli - 10% çenli

S4 öýjüge:

     - ýük awtoulaglaryň (ýüküni özi düşürýän awtoulaglar degişli däl), furgonlaryň daşaýan ýüküniň agramy hasaba alynmazdan işledilen ýagdaýynda ýa-da olar hemişe tehnologik ulag hökmünde ulanylanda  - 10% çenli;   

     - adatdan daşary howa şertlerinde (batgalykda, gar ýa-da gum syrgynlarynda, güýçli gar düşüp doňaklyk bolanda, suw joşmasy we ş.m.) we beýleki tebigy hadysalar bolan mahaly aýratyn kyn ýol şertlerinde işlenilende ýylda bir aý möhlet bilen - 30% çenli; 

     - gurluşyk işleri geçirilýän obýektlerde işleýän awtoulaglaryň hereketi çäklendirilip, dar ýerlerde kynçylyk bilen işlemeli bolýan ýagdaýynda - 10% çenli;  

     - kärhananyň howpsuzlyk şertlerine we beýleki düzgünlerine laýyklykda (nebit önümleri saklanylýan kärhanalarda, ýörite ammarlarda, banklarda we ş.m.) düşürilmeli ýa-da ýüklenilmeli ýagdaýda duran awtoulagyň hereketlendirijisini duruzmak gadagan edilen mahaly, şeýle hem hereketlendirijini mejbury ýagdaýda işledip durmaly bolanda - 10% çenli; 

     - gyş möwsüminde gaz balonly awtoulaglaryň hereketlendirijilerini herekete getirmek üçin sarp edilýän suwuk ýangyjyň möçberi 1 awtoulagyň 1 aýyna 10 litre çenli bellenilýär.

T3 öýjüge:

      Bellenen möçberler şu aşakdaky ýagdaýlarda azaldylýar:

     - kanagatlanarly ýagdaýda bolan kämilleşdirilen örtükli, şäher (şäherçe) çäginden daşarky umumy ulanylýan ýollarda işlenilende -10% çenli.

U3 öýjüge:

     - goşmaça möçberleriň bir wagtda birnäçesi ulanylan halatda sarp edilen ýangyjyň möçberi, şol goşmaçalaryň jemi ýa-da tapawudy nazara alynyp bellenilyär. 

      - haçanda awtoulaglar şäheriň daşynda, şäherýakasynda ýa-da şäherara aralyklarda işlänlerinde, olara şäheriň we şäherçäniň içinde işlenilende ulanylýan artdyrma  koeffisienti berilmeýär.

Kadanyň 5-nji böleginde bellenen möçberleriň - gurat awtoulagyň öz agramynda hereket edip 100 km aralyga sarp edýän ýangyjynyň möçberi, (litr/100 км) - käbir ýagdaýlarda köpeldilýändigi aýdylýar:

     - gyş möwsüminde awtoulagyň hereketlendirijisini gyzdyrmak üçin - 5% çenli;               

     - tomus möwsüminde awtoulag hereket eden mahaly kondisioner ulanylanda ýa-da gyş möwsüminde salonyň ýyladyjysy işledilende - 10% çenli (gyş möwsümi: 15 noýabrdan - 31 marta çenli; tomus möwsümi: 15 maýdan - 31 sentýabra çenli).

               AC3 öýüjge “gyş”, AC4 öýüjge “tomus”, AC5 öýüjge “adaty” ýazgylary ýazalyň.

               T10 öýjüge baryp “Данные” goşundyda ”Проверка данных” buýrukdan ”Проверка данных...” opsiýany saýlaýarys. Ekrana çykan ”Проверка вводимых значений” (Berlen bahany seljermek) gepleşik penjiräni dolduralyň:

Ýangyjyň sarp edilişi

3-nji surat.

“OK” basyp tassyklanymyzdan soň, bu öýüjgi nusgalap, T11:T20 gerek diapazonymyza geçirýäris.

Indi biz M10 öýjükden başlap jedweliň her setirinde dolduryljak maşynyň işlän möwsümini saýlap bileris.

 

Ýangyjyň artyk harçlanmagy

4-nji surat.

N10 öýüjkde saýlan möwsümimize degişli koeffisient çykar ýaly şeýle funksiýa-içi-funksiýa bereliň: =ЕСЛИ(M10="gyş";15%;ЕСЛИ(M10="tomus";10%;ЕСЛИ(M10="adaty";0;"")))

M10 öýjüge berkiden guralymyzyň kömegi bilen biz “gyş” möwsümi saýlasak N10 öýüjkde “15%” peýda bolar. “Tomus” saýlasak “10%”, “adaty” möwsüm “ ” boşluk alarys. N10 öýüjgimizi N11:N20 diapazona nusgalap geçireliň.

Şu ýerde biz bir nätakyklyga ýol berdik. Ýagny M sütüniň degişli öýjüginde “gyş” möwsümini alanymyzda N sütüniň degişli öýjüignde 15% peýda bolýar. Haçanda kadada 15 göterim barada hiç-hili gürrüň ýok:

Ýangyç harçlamagyň tertibi

5-nji surat.

          Gyş möwsüminde salonyň ýyladyjysy işledilende köpeldilmeli 10% bilen awtoulagyň hereketlendirijisini gyzdyrmak üçin köpeldilmeli 5% ýangyjy jemläp aldyk. Elbetde bu netijämiziň ýalňyşdygyna garamazdan biz gyşda hereketlendiriji we salon gyzdyrmak hökman diýen mantykdan ugur aldyk.

           Jedweli taýynlamagy dowam etdirýäris.

AC7 öýüjge “5%”

AC9 öýüjge “10%”

AC10 öýjüge “20%”

AC11 öýjüge “30%”

AC13 öýjüge “15%” ýazgy ýazmaly.

            Bu ýazgylaryň näme üçin gerekdigini ýazgymyzyň dowamynda düşünersiňiz.

            O10 öýjüge M10 öýjüge beren “Berlen bahany seljerme” guralymyzy ulalanalyň we baha alynmaly “Источник” (Çeşme) =$AC$8:$AC$10 bereliň:

6-njy surat.

P10 öýjüge (Çeşme) =$AC$7:$AC$9

Q10 öýjüge (Çeşme) =$AC$7:$AC$10

R10 öýjüge (Çeşme) =$AC$7:$AC$9

S10 öýjüge (Çeşme) =$AC$11:$AC$12

T10 öýjüge (Çeşme) =$AC$8:$AC$9 bereliň.

P10:U10 diapazony P11:U20 diapazona nusgalap geçireliň.

Indi biz P10:U20 diapazonda özümize gerek göterimi saýlap alyp bileris.

U10 öýjüge =СУММ(N10:S10;-T10) funksiýany bereliň we bu öýjügi nusgalap U11:U20 diapazona geçireliň.

Iş kitabynyň “Лист3” sahypasyna täze “3” at berip, oňa kadanyň 3-nji görkezgijini geçireliň.

Ýangyjyň kadasy

7-nji surat.

Görkezgiçde ýeňil awtoulaglaryň sany sahypanyň 1192-nji setirine çenli dowam edýär. Şonuň üçin siz bu görkezgiji ýazga goşulýan iş kitabyndan nusgalap alyp bilersiňiz.

Jedweliň A, B, C, E, F, G, H, J we K sütünlerdäki öýjüklerini biz elde doldurmaly.

D10 öýüjge =ВПР(F10;'3'!$A$5:$D$1281;2) funksiýa bermeli.

F10 öýjükde “3” sahypadaky “Görkezgiçde” ýerleşdirilen awtoulag serişdeleriniň sanawyndan gerek kysymymyzyň tertip belgisini ýazsak funksiýa bize D10 öýjükde saýlan awtoulagymyzyň kysymyny alyp berer. Geliň onda barlalyň. F10 öýjükde 3 sany ýazsak  D 10 öýjükde “UAZ-31512 (ZMZ-4025.10-4L-2,45-90-4M)” peýda bolar.

D10 öýjügi D11:D20 diapazona nusgalalyň.

I10 öýjüge =ВПР(F10;'3'!$A$5:$D$1281;3) funksiýany berip, I11:I20 diapazona nusgalamaly.

I10 öýjükde “B” harpy peýda bolar. Bu harp ýangyjyň görnüşini aňladýar. 

Jedwelimizi elektronlaşdyrmagy dowam etdirýäris. Gezek L10 öýjügiňki. Bu öýjükde hem öňki ulanan  ВПР funksiýamyzy biraz üýtgedip, = ВПР(F10;'3'!$A$5:$D$1281;4) görnüşde ýazyp, aşaky öýjüklere nusgalaýarys.

Bu funksiýa bolsa bize görkezgiçden saýlan awtoulag serişdämiz üçin bellenen harç edilmeli ýangyjyň çägini 15,5-i alyp berer.

V10 öýjüge =ЕСЛИ(F10>0; 0,01*L10*G10*(1+1*U10);"") funksiýa berýäris we bu öýjügi nusgalap V11:V20 diapazona geçirýäris.

Biz “1” sahypany elektronlaşdyrmagy tamamladyk.

“Лист2” sahypamyza “3” at berip, oňa 8-nji suratdaky ýaly jedwel taýynlalyň:

Ýangyjy meýilnamalaşdyrmak

8-nji surat.

 

Ýangyjy tygşytlamak

9-njy surat.

A10:J10 diapazona 8-nji suratdaky ýaly formulalary bereliň.

K10 öýjüge =ЕСЛИ(G10>0; '1'!V10;'1'!H10);"")

L10 öýüjge =ЕСЛИ(I10>0;ОКРУГЛ(I10*K10;2);"")

M10 öýjüge =ЕСЛИ(G10>0;ОКРУГЛ(G10-K10;1);"")

N10 öýüge =ЕСЛИ(J10>0;J10-L10;"") funksiýalary berip, A10:N10 diapazony nusgalap, A11:N20 diapazona nusgalap geçireliň.

Şeýlelikde ýeňil awtoulaglarynyň sarp eden ýangyjynyň hasaplamasyny işleýän we seljermesini geçirýän elektron tablisamyz taýyn boldy.

Kategoriýa: Ýazgylar | Goşan: govshudovh
Görlenler: 249 | Загрузок: 0 | Комментарии: 2 | Reýting: 4.0/1
Kommentariýalaryň hemmesi: 2
avatar
0
1 shohrat-max • 21:47, 11.07.2022
[i]
avatar
0
2 shohrat-max • 21:48, 11.07.2022
Taýýary yokmy
avatar