19:56
Buhgalter hasabatyny öwrenmegiň usullary?

Buhgalter_hasabaty

Buhgalter hasabatyny öwrenmegiň haýsy usullary bar?

Olaryň haýsysy öwrenmek üçin amatly?

Buhgalter hasabatyny nähili çalt öwrenip bolar?

Buhgalter hasabatyny özbaşdak, kurslara ýazylyp, ýörite ýa-da ýokary okuw jaýlarynyň kömegi bilen öwrenip bolar. Bu usullaryň hersiniň öz artykmaçlygynyň boluşy ýaly kemçiligi hem bar. Ilki bilen kurslarda berilýän bilim barada aýdyp geçeliň. 

Kurslarda köňlenç buhgalter kärinde ýeterlik işlän tejribesi ýetik mugallymlar okadýarlar. Olar esasan amaly (praktiki) sapaklara üns berýärler. Kurslarda sapak berýän öz işine we öwretmäge ussat mugallymyň sataşmagy Buhgalter  hasabatyny öwrenjek diňleýjä oňyn netijeleri berip biler. Ýöne kurslaryň dowamlylygy buhgalter hasabatyny öwrenmek üçin örän gysgadyr. Şonuň üçin ortaça düşünjeli diňleýjiniň kurslardan ýeterlik bilim almagy üçin erjellik bilen ýapyşmagy gerek. Mugallymyň beren 1-2 sagatlyk sapaklaryna ol özbaşdak 2-3 esse wagt sarp etmeli. Sapaklary çintgelemeli, bişirmeli. 

Ýörite orta mekdeplerde bu käri öwrenmek üçin wagt ýeterlik berlen. Oňa garamazdan, talyplara amaly sapaklara az wagt sarp edilýär. Netijede ýörite okuw jaýyny tamamlap kärhana işlemäge gelen öňki talyp, indi hünärmen özbaşdak işläp başlanda kynçylyk çekýär.

Ýokary okuw jaýyny tamamlan talyp hem kärhana baranda özbaşdak ýüzüniň ugruna işläp bilmeýär, Ýokary okuw jaýy talyplara esasan ýüze çykan meselelere çemeleşmegiň we çözmegiň tärlerini gözläp tapmagy öwredýär. Bilim bermegiň bu usuly ýokary okuw jaýynda sapaklara çynlakaý çemeleşen ýaş hünärmeniň öz saýlan kärini çalt ele almagyna ýardam edýar. 

Bu käri öwrenmek üçin haýsy usuly saýlandygyňa garamazdan biziň pikirimizçe hökman halypa gerek. Şeýle hem buhgalter käri öz üstüňde elmydama işlemegi talap edýär. Öz käriňi söýmek, oňa döredijilikli çemeleşmek buhgalter kärini çalt ele almaga mümkinçilik berýär.     

Görlenler: 181 | Goşan: govshudovh | Reýting: 5.0/1
Kommentariýalaryň hemmesi: 2
avatar
0
1 yakubowic96 • 21:25, 24.05.2023
Men pikirimce yokary okuwlardada instituty tamamlayan talyplary mugallym edip alyp galyalar. Onson olar entek buhgalter bolup ishlap gormedik. Olar okatmagyn usulyyetini bilip bilerler. Yone bugalteriyany okap owrenibem owredibem bolanok. Shol kärde ishlemeseñ.
avatar
0
2 govshudovh • 17:49, 25.05.2023
Biziň pikirimizçe ilkinji nobatda höwes gerek. Höwes bolanda öwrenjek adam öwrenmegiň ugruny tapýar. yakubowic96 Siz bilen ylalaşýaryn. Tejribe öwrenmegiň ähtimallygyny ýokarlandyrýar.
avatar