15:04
Biziň hyzmatlarymyz.

I.    Buhgalter hasaby boýunça hyzmatlar:
1.    Buhgalter hasabyny işlemegi öwretmek;
2.    Buhgalter hasabyny alyp barmak – işläp bermek (öwretmek bilen);
3.    Buhgalter hasabyny MS EXCEL – iň kömegi bilen awtomatlaşdyrmak.

1.    Buhgalter hasabyny işlemegi öwrenmek

Sapak bermegiň tertibi
Sapaklar praktiki işlerden ybarat bolup, ýumuşlar (maliýe-hojalyk amallar) MS Word-da we MS Excel-de taýynlanan. 
Ýumuşlar şertli kärhananyň mysalynda taýynlanyp, olar 3 tapgyra (3 aýa - ýanwar, fewral, mart) bölünen. Her tapgyrda kärhanada bir aýda bolup geçýän maliýe-hojalyk amallaryny işlemeklige degişli sapaklar (15 sapak) ýerleşdirilen. Sapaklar buhgalterçilik bölümleri - Kassa, Bank, Zähmet haky, Gymmatlyklaryň hereketi, Algy-bergileriň hereketi, Hasaplary ýapmak-aýy jemlemek, Şahmatkany işlemek, Dolanyşyk-galyndy wedomosty we Baş kitaby ýöretmek - boýunça bölünen.
Diňleýji sapaklardan buhgalter hasabatyny işlemek boýunça indiki başarnyklary alar.
1.    Maliýe-hojalyk amallaryny resmileşdirmek (blankalary doldurmak);
2.    Maliýe-hojalyk amallaryny degişli hasabatlarda hasaba almak;
3.    Algy-berginiň hasabatynyň ýöredilişi;
4.    Maliýe-hojalyk amallaryna buhgalterçilik ýazgylary (проводка) geçirmek;
5.    Kassiriň, ammar müdiriniň, seh müdiriniň hasabatlaryny işlemek;
6.    Şahmatkany işlemek; 
7.    Dolanyşyk-galyndy wedomostyny işlemek;
8.    Baş kitaby ýöretmek;
9.    Maliýe hasabatynyň doldurylyşy.
Şeýle hem diňleýjiniň  buhgalter hasabaty barada giňişleýin düşünje almagy üçin goşmaça soraglar, testler, ýumuşlar düzülen. Buhgalter hasabatyny alyp barmak baradaky gollanmalar, kadalar, kanunlar elektron ýa-da ýazgy görnüşde (elýeter bolmasa çeşmeleri bilen) mümkin boldugyça üpjün ediler. 


a)    Näçe wagtda öwrenip bolar?
Diňleýji ýumuşlary Excel-de esasan özbaşdak ýerine ýetirmeli. Ýumuşlary özbaşdak ýerine ýetirmekde kynçylyk çekilen ýagdaýynda işleriň awtory düşündiriş berýär ýa-da bile işleýär.
Netijede öwrenmekligiň dowamlylygy öwrenýäniň erjelligine, tutanýerliligine bagly bolup galýar. Birinji aýyň maliýe-hojalyk amallaryna geçirmeler (prowodkalar) berlip, buhgalter işi işlenip gutarandan (aý ýapylandan) soň indiki aýyň materiallary berilýär.

Sapaklar

b)    Bahasy we hasaplaşygyň geçirilmeli wagty.
Her tapgyryň (aýyň) materiallarynyň bahasy – 0,00 manat.
Sapaklaryň - tapgyryň bahasy –  1200,00 manat.

Hasaplaşyk her tapgyryň (aýyň) maliýe-hojalyk amallaryna geçirmeler (prowodkalar) berlip, buhgalter işi işlenip gutarandan (aý ýapylandan) soň, öwrenýän “Sapaklary özeleşdirdi” diýip hasap edilenden soň, indiki aýyň materiallary berilmezden öň geçirilmeli.
Öwrenmekligi dowam etdirmek üçin indiki aýyň materiallaryny almak üçin geçen aýda özeleşdirilmeli soraglar boýunça test, gürrüňdeşlik esasynda sapaklary özeleşdiriş derejesi barlanylýar. 

Buhhasap_öwrenmek

 

 

2.    Buhgalter hasabyny alyp barmak – işläp bermek (öwretmek bilen)
Ortaça işleýän kärhananyň bir aýlyk işleri (buhgalter hasabyny işlemek) – 800,00 manat.
Ortaça işleýän kärhananyň bir aýlyk işleri (buhgalter hasabyny işlemek) bilen maliýe hasabyny (balans) doldurmak – 1000,00 manat. 

 

 

3.    Buhgalter hasabyny MS EXCEL – iň kömegi bilen awtomatlaşdyrmak.
Bahasy – 1500,00 manat.

 


II.    MS EXCEL boýunça
MS EXCEL boýunça sapaklary öwretmek iki tapgyrda alnyp barylýar:
1.    MS EXCEL – iň iş gurallary we tilsimleri;
2.    MS EXCEL – iň funksiýalary.


1.    “MS EXCEL – iň iş gurallary” tapgyry
MS EXCEL – iň iş gurallary (häzirlikçe okadylanok, materiallar taýyn däl)


2.     “MS EXCEL – iň funksiýalary” tapgyr boýunça

Sapak bermegiň tertibi we tapgyrlar näçe wagta dowam edýär?
“MS EXCEL – iň funksiýalary“ tapgyry 8 sapakdan ybarat bolup, olarda jemi 30 - golaý funksiýa barada düşündiriş berilen. 
Sapaklar MS Word-da, MS PowerPoint-de we MS Excel-de taýynlanyp esasan diňleýji özbaşdak öwrenmegi üçin hem amatlydyr

Bahasy
“MS EXCEL – iň funksiýalary“ tapgyryny öwrenmek üçin her sapagyň materiallary  – 0,00 manat.
Sapaklaryň jemi bahasy – 800,00 manat.

 

Просмотров: 203 | Добавил: govshudovh | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
avatar