Önüm öndürijiler öňden öndürilip geliýän önümiň indiki öndüriljek tapgyrynyň ýa-da täze öndüriljek önümleriniň kalkulýasiýasyny wagtal-wagtal hasaplap, alynjak peýdanyň, gazanyljak düşewündiň garaşylýan derejesiniň kesgitleýärler. Önüme edilýän çykdajylara seljerme geçmek arkaly önümiň özüne düşýän bahasyny peseltmegiň çeşmelerini öwrenýärler. Nyrhlaryň hasaplamasynyň görnüşi we onda ulanylýan harajatlaryň mazmuny her bir kärhananyň talapyna hem-de spesifikasyna laýyklykda biri-birinden tapawutlanyp biler.Biz bu ýazgymyzda öz iş tejribämizde ulanan Nyrhlaryň hasaplamalarynyň hasaplanyp çykarylyşynyň ygtybarly diýip hasap edenimizi tanyşmak üçin size hödürlemekçi:
Köýneklik ak matadan aýallar üçin medisina halady taýýarlamak üçin |
Nyrhlaryň hasaplamasy |
(Köýeklik ak mata Art-XXXXXX ini-1,0m) |
TDS - XXXXXX |
ölçegi: 112x116/176 |
T/b |
Çykdajylaryň maddalary we beýleki görkezijiler |
Möçberi (önümiň birligi üçin manatda) |
1 |
Esasy çig mal kömekçi materiallar |
25,08 |
2 |
Ýangyç - 1,6% |
0,11 |
3 |
Elektrik enjamlary - 1,0% |
0,07 |
4 |
Suw üçin - 0,4% |
0,03 |
5 |
Zähmet haky |
6,60 |
6 |
Durmuş ätiýaçlandyrmasyna töleg |
1,32 |
7 |
Enjamlary ulanmak we saklamak üçin çykdajylar - 9,4% |
0,62 |
8 |
Sehiň çykdajylary - 54,8% |
3,61 |
9 |
Umumy zawod çykdajylary - 63,4% |
4,18 |
10 |
Doly özüne düşýän gymmady |
41,62 |
11 |
Peýda - 20,0% |
8,32 |
12 |
Kärhananyň lomaý nyrhy goşmaça gymmada salynýan salgytsyz |
49,94 |
13 |
Goşmaça gymmada salynýan salgyt - 15,0% |
7,49 |
14 |
Lomaý-satuw nyrhy goşmaça gymmada salynýan salgytly |
57,43 |
T/b |
Çig mal we kömekçi materiallaryň ady |
Ölçeg birligi |
Norma boýunça çykdajy |
Çig malyň bahasy |
Summa |
1 |
Köýneklik mata - ini - 1,0 m |
m |
3,50 |
5,92 |
20,72 |
2 |
Tikin sapagy |
m |
210 |
0,01 |
2,10 |
3 |
Ilik |
sany |
7 |
0,19 |
1,33 |
4 |
Etiketka |
sany |
1 |
0,15 |
0,15 |
5 |
Paket |
sany |
1 |
0,78 |
0,78 |
|
Jemi: |
|
|
|
25,08 |
- Öndüriljek önüme sarp edilmeli çig malyň we kömekçi materiallaryň bahasy bellenen ölçeglere esaslanyp çykarylýar. Onuň hasaplamasynyň jedweli aşakda görkezilen:
- Ýangyç üçin harajat - 1,6% bellenen. Bu diýildigi taýýarlanan aýallar üçin halada bellenen esasy we goşmaça zähmet hakynyň 1,6-y göterimi diýmekdir. Ýagny 6,60*1,6%=0,11 manat;
- Elektrik energiýa üçin 1,0% - 6,60*1,0%;
- Ulanylan suw üçin göz öňünde tutulýan harajat esasy we goşmaça zähmet hakynyň 0,4% göterimi, 6,60*0,4%;
- Yaýýarlanan aýallar üçin halada tölenmeli esasy we goşmaça zähmet hakynyň jemi - 6,60 manat;
- Durmuş ätiýaçlandyrma hasaplama - 1,32 (6,60*20%);
- Enjamlary ulanmak we saklamak üçin çykdajylara 9,4% goýlupdyr, - 6,60*9,4%;
- Umumyseh çykdajylary, 47,0% - 6,60*47,0%;
- Umumyhojalyk çykdajylary, 63,4% - 6,60*63,4%;
- Doly özüne düşýän gymmady, jedwelden görşümiz ýaly 41,11 manat;
- Göz öňünde tutulan peýda - doly özüne düşýän gymmadynyň 20% göz öňünde tutulan 8,22 manat;
- Kärhahanyň lomaý bahasy - "Doly özüne düşýän gymmady" + "Peýda";
- Goşmaça gymmada salynýan salgyt, kärhahanyň lomaý bahasynyň 15 göterimi;
- Lomaý-satuw nyrhy, "Goşmaça gymmada salynýan salgyt" + "Kärhahanyň lomaý bahasy".
Ine, Nyrhlayrň hasaplamasynyň hasaplanyşy bilen tanyşdyk. Ýöne, sizde hasaplamalarda ulanylýan göterimler nireden alynýarka diýen sorag ýüze çykýandyr. Bu soraga jogaby almak üçin "Nyrhlaryň hasaplamasynda (kalkulýasiýa) ulanylýan göterimleriň alnyşy" ýazgymyz bilen tanyşmazdan öň biz size "Önümi öndürmek bilen baglanyşykly amallara berilýän buhgalter ýazgylar" ýazgymyz bilen tanyşmagy maslahat berýäris.
|