23.01.2022, 10:12 | |||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||
Biz näme üçin önümi öndürmek bilen baglanyşykly amallara berilýän buhgalter ýazgylar barada aýratyn durup geçýäris. Onuň 2 sebäbi bar: biziň beren buhgalter ýazgylarymyz geçen hasabat döwürde - aýda, çärýekde, ýarym ýylda, 9 aýda we ýylda - kärhanada öndürilen önümiň özüne düşýän bahasyna seljerme geçmek we indiki döwürde öndüriljek önüme çykarylýan kalkulýasyýada ulanylýan göterimleriň derejesini kesgitlemek üçin gerek maglumatlaryň biziň islegimize görä jemlenmegi üçin. Şonda amallara beriljek buhgalter ýazgylaryň buhgalter hasabatyny alyp barmagyň düzgün tertibine laýyk gelmegi hökmandyr. Özüne düşýän baha – önümi öndürmek üçin kesgitli wagtda sarp edilýän harajatlaryň jemi. Önümiň özüne düşýän bahasynyň derejesi kärhananyň gazanjak peýdasyna täsir edýär. Şonuň üçin kärhananyň peýdasynyň emele gelşine wagtal-wagtal seljerme geçilse, önümiň özüne düşýän bahasyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Seljerme geçmek üçin maglumatlaryň elmydama taýyn, elaşagynda bolmagy möhüm şertleriň biridir. Kärhanalarda ýüze çykýan çykdajylara buhgalter hasabynda berilýän geçirmeler (prowodkalar) dogry berilen ýagdaýynda şol şert doly manyda ýerine ýetiriler. Biz bu ýazgymyz arkaly berilýän buhgalter ýazgylaryň önümiň özüne düşýän bahasyny buhgalter hasabynda emele getirişine gararys. Ilki bilen önümiň özüne düşýän bahasyny emele getirýän harajatlar bilen tanşalyň:
Degişli resminamalar bilen tassyklanan bu harajatlara buhgalter ýazgylary berilýär. Biz bu buhgalter ýazgylaryň birnäçesine mysallar arkaly garalyň.
Ýagny debetde 2251 41 00 we kreditde her seh üçin aýratynlykda 6122 42 00 hasaplar ulanylýar.
Işgärleriň zähmet haky hasaplamalaryna buhgalter ýazgy işgärleriň kategoriýalaryna baglylykde debetde degişli meýilnama hasaplary - 2251 41 00, 6122 43 00 we 6122 44 00, kreditde 2111 01 00 hasap ulanylýar. Edil şolar ýaly durmuş ätiýaçlandyrma hasaplamalaryna geçirilýän buhgalter ýazgylarda debetde zähmet hakyna berilýän geçirmelerde ulanylýan hasaplar bilen meňzeş. Kreditde 2121 01 00 hasap peýdalanylýar.
Buhgalter ýazgylarymyzda önümi öndürmek bilen gös-göni baglanyşykly çykdajylara 2251 41 00 hasaby ulandyk, ýagny taýýar önüm almak üçin sarp edilen çig malyň bahasy we tikinçilere hasaplanan zähmet hakynyň jemi. 6122 43 00 "Goşmaça önümçilik çykdajylary" hasapda umumyseh harajatlary üçin edilen çykdajylary jemlemek we 6122 44 00 "Gaýry önümçilik çykdajylary" hasaby ulanyp bolsa umumy hojalyk çykdajylaryna degişli harajatlaryň hasabyny alyp barmak üçin ulandyk. Aý jemlenende bu hasaplary 8000 83 00 "Girdejileriň we çykdajylaryň jemi" hasap bilen ýapmak arkaly harajatlary jemleýäris:
Şeýlelikde ýanwar aýynda öndürilen önüm üçin edilen hakyky çykdajynyň jemi ýokarky buhgalter ýazgylaryndan görnüşi ýaly 58568,86 manada deň bolupdyr. Bu ýazgylar hasabat aýda harajatlary jemlemek bilen önümiň özüne düşýän bahasyna seljerme geçmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu maglumatlar indiki hasabat döwri üçin nyrhlaryň hasaplamasyny düzmäge esas bolýar. Şunuň bilen biz önümiň özüne düşýän hakyky bahasyny buhgalter ýazgylary arkaly hasaplamak üçin berilýän geçirimler (prowodkalar) bilen tanyşdyk. Önümiň özüne düşýän bahasyny çykarmaga gowy düşünmek, şeýle hem önümiň özüne düşýän bahasynyň aýrylmaz baglanyşyklydygy üçin "Nyrhlaryň hasaplamasy (kalkulýasiýa)" we "Nyrhlaryň hasaplamasynda (kalkulýasiýa) ulanylýan göterimleriň alnyşy" ýazgylarymyz bilen tanyşmagy maslahat berýäris.
| |||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||
| |||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||
Görlenler: 307 | Загрузок: 0 | |
Kommentariýalaryň hemmesi: 0 | |