Nyrhlaryň hasaplamasynda (kalkulýasiýa) ulanylýan göterimleriň alnyşy.
06.03.2022, 14:13

Özüne düşýän baha – önümi öndürmek üçin kesgitli wagtda sarp edilýän harajatlaryň jemi.  Önümçiligi meýilnamalaşdyrmak, düşewüntliligi we önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin oňa ylmy çemeleşmek zerurdyr. Ylmy çemeleşmegiň faktorlarynyň biri hem nyrhlaryň hasaplamasyny (kalkulýasiýany) hasaplap bilmek gerek. Nyrhlaryň hasaplamasyny (kalkulýasiýany) hasaplamak bilen tanyşanymyzda, onda ulanylýan göterimleriň gelip çykyşy bize düşnüksiz bolup galypdy. Oňa düşünmek üçin biz ilki "Önümi öndürmek bilen baglanyşykly amallara berilýän buhgalter ýazgylar" (gysgaça buhgalter ýazgylar) bilen tanyşmagy maslahat beripdik. Elbetde ol ýazgy hem hasaplamada ulanýan göterimlerimiziň nireden alynýandygy barada düşünje berenok. Ol göterimleiň alnyşy barada ýazan bu ýazgymyz ol soraga gutarnykly jogap berer.

"Buhgalter ýazgylar" ýazgymyzda "Synag" HJ atly mysaly kärhanamyzda 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda önümiň özüne düşýän gymmadyny emele getirýän harajatlaryň 10-sy mysal getirildi. Bu ýazgymyzda biz şol ýazgylaryň 378 we 16 belgili Hasap faktura beren geçirmelerimiz arkaly düşündirmekçi. Hasabat aýda maliýe-hojalyk amallaryna buhgalter ýazgylar doly berilenden soň, ol maglumatlar indiki buhgalter resminamalarynda - küşt tagtasy (şahmatka), dolanyşyk galyndy wedomostynda we Baş kitapda işlenilýär. Biz aşaky suratda 2021-nji ýylyň ýanwar aýyna degişli şol maglumatlaryň we soňraky bäş aýyň degişli çykdajyalrynyň Baş kitaba jemlenen ýagdaýyny görýäris:

önümiň özüne düşýän bahasy

Umumyhojalyk jykdajylaryna degişli kanselýariýa, internet we poçta-telegraf üçin harajatlaryň jemi suratdan görşümiz ýanwar aýda bahasy 113,40 manat bolsa, ýarym ýylda 656,66 manat bolupdyr. Umumyhojalyk çykdajylarynyň jemi 48078, 68 manat. Bölünýän ululyk 75855,28 manat (hasabat döwürde esasy işçileriň hasaplanan zähmet hakynyň jemi). Diýmek umumyhojalyk çykdajylarynyň bahasynyň bölünýän ululyga bolan gatnaşygy 63,4% bolýar.

Umumyseh çykdajylaryna degişli ulanylan suw üçin harajatyň bahasy ýanwar aýda 120,0 manat, ýarymýylda 321,0 manat bolupdyr. Onuň bölünýän ululyga bolan gatnaşygy 0,4% bolýar. Şeýlelikde biz nyrhlaryň hasaplamasynda ulanylýan götermleriň ikisiniň hasaplanyp çykarylyşyna seredip geçdik. Bu göterimler hasabat döwür tamamlanyp jemlenenden soň aşakdaky hasaplamada görkezilişi ýaly işlenilýär. Onuň netijeleri indiki öndüriljek önümler üçin meýilnama nyrh hasaplamasynda ulanylýar.

"Synag" kärhanasy boýunça 2021-nji ýylyň I ýarymýyly döwri üçin enjamlary saklamak, olary ulanmak, umumyseh we gaýry çykdajylarynyň

Düzümi

T/b Çykdajylaryň görnüşleri Kärhana boýunça jemi (manat)

1.

Enjamlary ulanmak we saklamak boýunça çykdajylar

 
  Enajamlary abatlamak üçin edilen çykdajylar 10204,24
  Işçileriň zähmet haky 5139,00
  Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna hasaplamalar 1027,80
  Jemi bahasy: 16371,04
  Bölünýän bazasy:  
  Önümçilikde işleýän işçileriň zähmet haky 75855,28
  Önüm birligi üçin otnositel ululyk, % 21,6

2.

Umumyseh çykdajylary

 
  Gaýry kärhanalar tarapyndan ýerine ýetirilen hyzmatlar 5163,99
  Seh dolandyryjy personalyň zähmet haky 10014,00
  Administratiw - hojalyk personalyň zähmet haky 15392,00
  Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna hasaplamalar 5081,20
  Jemi bahasy: 35651,19
  Bölünýän bazasy:  
  Önümçilikde işleýän işçileriň zähmet haky 75855,28
  Önüm birligi üçin otnositel ululyk, % 47,0

3.

Umumyhojalyk çykdajylary

 
  Kanselýariýa, internet we poçta-telegraf üçin harajatlar 656,66
  Bank hyzmatlary 556,95
  Dolandyryjy toparyň zähmet haky 29425,00
  Gorag gullugynyň zähmet haky 5346,18
  Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna hasaplamalar 6954,23
  Iş sapary çykdajylary 5139,66
  Düýpli däl bejergi işleri -
  Gaýry çykdajylar -
  Jemi bahasy: 48078,68
  Bölünýän bazasy:  
  Önümçilikde işleýän işçileriň zähmet haky 75855,28
  Önüm birligi üçin otnositel ululyk, % 63,4

4.

Elektroenergiýa

796,08
  Bölünýän bazasy:  
  Önümçilikde işleýän işçileriň zähmet haky 75855,28
  Önüm birligi üçin otnositel ululyk, % 1,0

5.

Ýangyç

1231,44
  Bölünýän bazasy:  
  Önümçilikde işleýän işçileriň zähmet haky 75855,28
  Önüm birligi üçin otnositel ululyk, % 1,6

6.

Suw

321,0
  Bölünýän bazasy:  
  Önümçilikde işleýän işçileriň zähmet haky 75855,28
  Önüm birligi üçin otnositel ululyk, % 0,4

Kategoriýa: Ýazgylar | Goşan: govshudovh
Görlenler: 175 | Загрузок: 0 | Reýting: 0.0/0
Kommentariýalaryň hemmesi: 0
avatar