Senäni ýazgyda almagyň birinji usuly.

Biz senä degişli birnäçe funksiýalar bilen tanyşdyk, СЕГОДНЯ funksiýasynyň kömegi bilen san formatda hakyky wagtdaky senäni almak bilen tanyşdyk. Ýöne san formatdaky sene bize elmydama gerek bolup durmaýar. Köplenç senäni ýazgy görnüşde doldurmaly bolýar. Ine, şu ýagdaýda EXCEL näme edip bilýärkä?

Aýdaly, "2020-nji ýylyň 16-njy noýabry" ýa-da "23-nji noýabr 2020-nji ýyl" ýaly görnüşleri almak üçin nämeler etmeli?

EXCEL-de bu görnüşli sene almagyň usullary köp. Geliň biz şolaryň birnäçesi bilen tanyş bolalyň. Özem kynyndan başlalyň. Näme üçin kynyndan diýip soramak isleýänsiňiz. Adam köplenç aňsadyna bakýar. Kyn usuly soňa goýsak  "Aňsady barka kyn usul nämä gerek?" diýip, öwrenmän taşlamagyňyz mümkin.

Geliň onda EXCEL-iň islendik bir sahypasynyň A1 öýjüginde san formatda ýazylan 16.11.2020 senäni şol sahypanyň başga bir öýjüginde "2020-nji ýylyň 16-njy noýabry" göprnüşde ýazdyralyň.

Ilki bilen A3, A4 we A5 öýjüklerde degişlilikde ГОД, МЕСЯЦ we ДЕНЬ funksiýalary ulanyp berlen ýyly, aýy, güni alalyň:

sene almak

A7 öýjükde =ЕСЛИ(A4=1; "ýanwary"; ЕСЛИ(A4=2; "fewraly"; ЕСЛИ(A4=3; "marty"; ЕСЛИ(A4=4; "apreli"; ЕСЛИ(A4=5; "maýy"; ЕСЛИ(A4=6; "iýuny"; "")))))) funksiýa içi funksiýany bereliň. 

A8 öýjükde

  =ЕСЛИ(A4=7; "iýuly"; ЕСЛИ(A4=8; "awgusty"; ЕСЛИ(A4=9; "sentýabry"; ЕСЛИ(A4=10; "oktýabry"; ЕСЛИ(A4=11; "noýabry"; ЕСЛИ(A4=12; "dekabry"; "")))))) 

funksiýa içi funksiýany bereliň. Şonda A8 öýjükde "noýabry" diýen ýazgy emele geler. Bu ýazgy A1 öýjükde 16.11.2020 seneden A4 öýjükde beren funksiýamyzyň beren 11 sanynyň "noýabry" sözüne öwrülmeginden gelip çykýar. (ЕСЛИ funksiýasy barada Logika (Mantyk) modulda durup geçeris.)

Geliň A7 öýjüge beren funksiýalar toplumymyza düşünjek bolalyň. Bu öýjükde funksiýa içi funksiýa döredip, jemi 6 funksiýa berlen. Onuň okalyşy şeýle: Eger A4 öýjükde 1 san ýazylsa "ýanwary", eger A4 öýjükde 2 san ýazylsa "fewraly", eger A4 öýjükde 3 san ýazylsa "marty", eger A4 öýjükde 4 san ýazylsa apreli, eger A4 öýjükde 5 san ýazylsa "maýy", eger A4 öýjükde 6 san ýazylsa "iýuly", eger A4 öýjükde şol sanlardan başga san ýazylsa, A7 öýjük boş bolsun.

A8 öýjüge berlen funksiýa toplumynyň okalyşy hem şolar ýaly bolup, 6-dan ýokary sanlara degişli aýlary ýazmak emir edilendir. 

Biz şu ýerde A1 öýüjkde maglumaty islendik başga senä öwürsek A3, A4, A5, A7 we A8 öýjüklerdäki maglumatlar hem üýtgär.

Eger A1 öýjüge ýanwardan iýuna çenli bolan sene goýsak A7 öýjükde beren funksiýa içi funksiýamyz bize degişli aýyň adyny çykaryp berer.  

Eger A1 öýjüge iýuldan dekabra çenli bolan sene ýazsak A8 öýjük bize beren funksiýa içi funksiýamyzyň kömegi bilen degişli aýyň adyny çykaryp berer. 

Sapagymyzyň dowamy bilen tanyşmazdan öň ýokarda aýdylanlara doly düşünjek boluň. Yzygiderliligine üns beriň. A1 öýjükde senäni birnäçe gezek üýtgediň.  A3, A4, A5, A7 we A8 öýjüklerde maglumatlaryň üýtgeýşine we ol öýjüklere beren formulalarymyza üns beriň. 

Ýokarda aýdylanlara doly düşüneniňizden soň sapagy dowam etdirmegi maslahat berýäris.

Onda näme, düşünen bolsak dowam etdireliň.

Indi sahypanyň islendik öýjügine, goý ol A10 öýjük bolsun, indiki formulany ýazalyň

: =A3&"-nji ýylyň "&A5&"-njy "&A7&A8

Şonda aşakdaky suratdaky ýaly ýazgy emele geler.

sene ýazdyrmak

Formula şeýle diýýär: A3 öýjükdäki maglumatyň yzyna & (ampersandyň) kömegi bilen "-nji ýylyň " ýazgyny, A5 öýjükdäki maglumaty,"-njy " ýazgyny we A7 bilen A8 öýjükdäki maglumaty tirkäp alyp ber.

Netijede "2020-nji ýylyň 16-njy fewraly" diýen ýazgyny alýarys.

Ine, sene almagyň aňsat bolmadyk bir usuly bilen tanyşdyk.

Indi A3, A4 we A5 öýjüklere beren ГОД, МЕСЯЦ, ДЕНЬ funksiýalarymyzyň ýerlerini çalyşyp öňki "2020-nji ýylyň 16-njy fewraly" netjämizi we "23-nji noýabr 2020-nji ýyl" görnüşde sene ýazgysyny almaga özbaşdak synanyşyň.


Sizi belki bular gyzyklandyrar.

funksiýalar Summ funksiýasy И funksiýasy

MS EXCEL - iň özünde goýlan funksiýalary bilmek - akylly elektron jedwel gurmak başarnygyny almagyň dört şertiniň biri.

Biz СУММ funksiýasy barada nämeler bilýäris?

И funksiýasy - nirelerde we nähili ýagdaýlarda ulanylýar?.

Kategoriýa: EXCEL-iň tilsimleri | Goşan: govshudovh (15.04.2021)
Görlenler: 125 | Reýting: 0.0/0
Kommentariýalaryň hemmesi: 0
avatar