И funksiýasy logiki topara degişli. Bu funksiýa 255 –e çenli san, ýazgy, salgy, funksiýa/formula argymentleri bilen işläp bilýär. Argumentleriň arasy nokatly otur bilen bölünýär. Ulanylýan argumentleriň hemmesi logiki baha laýyk bolsa funksiýa bize ИСТИНА (hakykat), tersine bolsa ЛОЖЬ (ýalan) netijäni berýär.
E3 öýjükde И funksiýany ulanalyň.
Biz şeýle netije alarys.
Eger biz tablisanyň C3 öýjügindäki 5 sany 4 ýa-da funksiýanyň argumentlerinde birinji aňlatmany C3=3 täzelesek И funksiýa bize ЛОЖЬ (ýalan) jogaby berer.
Sebäbi biz öň aýdyşymyz ýaly hemme argumentleri logiki aňlatma deň gelende funksiýa bize ИСТИНА (hakykat) netijäni berýär diýipdik. Biziň soňky mysalymyzda birinji argumentiň aňlatmasy bilen onuň salgylanýan öýjügindäki maglumat deň gelenok. Şonuň üçin И funksiýa bize ЛОЖЬ (ýalan) jogaby berdi. И funksiýa öz başarnygyny beýleki СУММ, ЕСЛИ, СУММЕСЛИ, СУММЕСЛИМН ýaly funksiýalar bilen bilelikde ulanylanda has aýdyň ýüze çykarýar. Şeýle hem bu funksiýa şertli formatirleme bilen bile ýerine ýetirýän işlerinde gyzykly netijeleri alyp bolýar.
| |
| |
Görlenler: 145 | |
Kommentariýalaryň hemmesi: 0 | |