СУММ funksiýasy

EXCEL-de goýlan funksiýanyň aýratynlyklaryny megerem biziň hemmämiziň bilýän СУММ funksiýasynyň kömegi bilen düşnjek bolalyň.
Biz formulalardan tapawutlylykda funksiýalaryň ulanmak üçin artykmaçlyklarynyň bardygyny aýdypdyk.
СУММ funksiýasy 255-e çenli argument bilen işläp bilýär. Bu funksiýanyň argumentleri konstanta (san), salgy, diapazon we massiw bolup bilýär.
San argumentli СУММ funksiýasynyň mysaly:
= СУММ(6/2)
Salgy argumentli СУММ funksiýasynyň mysaly:
= СУММ(A13+D21+E43)
= СУММ(A13;D21;E43)
Diapazon ulanylyp bahalaryň jemlenmegi
=СУММ(A1:A4;B1:D1)


jem

jemlemek

Mysalymyzda iki salgynyň A1:A4 we B1:D1 salgylaryň arasyndaky iki nokat diapazony aňladýar. Eger iki nokada derek nokatly otur A1;A4 goýulsa, aýratyn iki öýjüge salgylanýandygyny görkezýär. Şol sebäpli netije hem üýtgeýär.

СУММ

СУММ funksiýasy

Massiw argumentli СУММ funksiýasynyň işleýşini massiw baradaky makalalardan tanşyp bilersiňiz.

Kategoriýa: EXCEL-iň tilsimleri | Goşan: govshudovh (13.04.2021)
Görlenler: 126 | Reýting: 0.0/0
Kommentariýalaryň hemmesi: 0
avatar