Uly göwrümli EXCEL iş kitabynyň göwrümini men nähili kiçeltdim?

EXCEL faýllarda işlenende käbir ýagdaýlarda resminamanyň göwrüminiň çişip gidendigini duýman galýarsyň. Ol faýllary açanyňda-ýapanyňda, täze girizilen maglumatlary ýatda sakladanyňda kynçylyklar ýüze çykyp başlaýar. Agyr işleýär. 

Iň bir ýaman ýeri bu uly göwrümli iş kitaby açyk durka beýleki EXCEL iş kitaplarynda işlemek hem kynlaşýar. Bu amatsyzlygy çözmegiň usulyny gözläp köp çeşmelere ýüzlendim. Hiç birinden kanagatlanarly çözgüt tapmadym.

 

EXCEL-de göwrüm peseltmek

 

Elbetde iş kitabynyň göwrümi onuň içindäki maglumatlara görä ýokary hem bolup biler, ýöne göwrümiň ulalmagyna köplenç wiruslaryň faýla aralaşmagy sebäp bolýar. 
Şonuň ýaly resminamalaryň birinde göwrümi peseltmek üçin men kiçiräk synag geçirdim. Netije nähili bolandyr öýdýärsiňiz?

 

EXCEL-de wirusa garşy näme etmeli?

 

Iş kitabynyň göwrümi 30784 kb bolup, ol jemi 155 sahypadan ybaratdy. Her sahypa 198,6 kb-dan düşýärdi. Bu resminamany nusgaladym we iň soňky sahypa baryp, sahypanyň boş ýerlerinde arassaçylyk işlerini geçirdim. Ýatda sakladyp, göwrümine seretsem azalmandyr, 30788 kb barypdyr, tersine köpelipdir. Ikinji sahypany arassalanymdan soň has köpeldi, 31740 kb ýetdi. Göwrümiň artmagynyň sebäbini bilip bilmedim. Meniň bu synagym peýda däl-de zyýan getirdi.  
Şondan soň ikinji synagyma geçdim. Birinji synaga degişli iş kitabyny ýok edip, iş kitabyny täzeden nusgaladym. Nusgalap alan kitabymyň soňky sahypasyny maglumatlaryň bardygyna garamazdan ýok etdim. Ýatda sakladyp, iş kitabynyň göwrümine seretsem 2497 kb azalypdyr. Ikinji sahypany ýok edenimden soň kitabyň göwrümi ýene 2496 kb azaldy. Ýok edýän sahypalarymyň göwrümi ortaça 198,6 kb göwrümden 12 esse köpdi.
Bir sahypany pozanyňda 2496 kb azalýan bolsa, 13 sahypany ýok etsek 0-dan hem kiçi göwrümli iş kitaby emele gelmelidi. Bu boljak zat däldi. 
Netijäni görmek üçin synagy dowam etdirdim. Sahypalary bir-birden ýok edip, ýatda sakladyp, her gezek hem göwrümine seredip jemi 12 sahypa azaldanymdan soň, iş kitabynyň göwrümi 790 kb boldy, ýagny 29994 kb azaldy.

 

Zaýalanan EXCEL faýllary dikeltmek.

 

Barlag üçin ýene bir sahypa ýok etdim. Iş kitabynyň göwrümi 785 kb geldi. Bary-ýogy 5 kb azaldy. Bu iş kitabynyň göwrüminiň sazlanandygyny aňladýardy. 785 kb galan 142 sahypa bölüp gördüm. Ortaça 5,5 kb düşdi. 
Iş kitabynyň göwrüminiň peselişi tablisada şeýle görnüşde boldy:

 

Tertip

belgi

Sahypa

sany

Pozulan

sahypalaryň

göwrümi

Jemi

göwrümi

1 155   30784
2 154 2497 28287
3 153 2496 25791
4 152 2500 23291
5 151 2501 20790
6 150 2496 18294
7 149 2501 15793
8 148 2508 13291
9 147 2501 10790
10 146 2500 8290
11 145 2501 5789
12 144 2499 3290
13 143 2500 790
12 142 5 785

 

Indi ýok eden sahypalarymyzy dikeltmek gerekdi, sebäbi ol sahypalarda maglumatlar bardy. Iş kitabynda täze 13 sahypa açdym. Nusgalan iş kitabymdan soňky 13 sahypanyň maglumatlaryny täze açan sahypalaryma nusgalap geçirdim. Ýatda sakladyp, kitabyň göwrümine seretsem 848 kb bolupdyr.

Ine boldy. 30784 kb iş kitabymyz 848 kb geldi.

 


Agyr EXCEL resminamalaryny ýeňletmek.

 

Meniň geçiren ikinji synagym netije berdi. 

Kategoriýa: EXCEL-iň tilsimleri | Goşan: govshudovh (10.12.2022)
Görlenler: 155 | Reýting: 0.0/0
Kommentariýalaryň hemmesi: 0
avatar