Siz gazetlerde, žurnallarda, kitaplarda pikirlenmäge mejbur edýän dürli oýunlara, mesele görnüşli hekaýatlara, labirintlere, rebuslara, krosswordlara, skanwordlara gabat gelensiňiz we birnäçesini çözensiňiz.
Internet giňişliginde EXCEL-de oýunlaryň dürli görnüşleriniň, hat-da “Deňiz söweşi”, “Sudoki” ýaly çylşyrymly oýunlaryň döredilendigi barada habarlara gabat gelinýär. Elbetde biz ol oýunlaryň EXCEL-de ýasalan wariantyna gabat gelmedik. Ýöne EXCEL-de islendik çylşyrymlylykdaky oýnuň ýasap boljakdygyna biz ynanýarys.
Sebäbi şu ýazgynyň ýazaryna başarjaň EXCEL-de çylşyrymly bolmadyk birnäçe oýny döretmek başartdy. Biz şu ýazgymyz arklay şolaryň biri bolan sadaja labirint oýnunyň EXCEL-de ýasalyşynyň yzygiderliligini size görkezmekçi.
EXCEL iş kitabynyň sahypasynyň A6:O18 diapazonynda aşakdaky görnüşde çyzgy taýynlaýarys.
surat 1.
Otluk öri meýdanynyň suratyny tapýarys we çyzgymyzyň ýokarsyna laýyklap ýerleşdirýäris. Men aşakdaky ýaly suraty ýerleşdirdim (surat 2)
surat 2.
EXCEL – iň özünde goýlan suratlardan Вставка→Картина (surat 3) kömegi bilen sygyryň suratyny (surat 4) saýlaýarys we 5-nji suratdaky ýaly ýerleşdirýäris.
surat 3.
Surat 4.
Surat 5.
5-nji suratdan görşümiz ýaly sygyra otluk meýdana labirintden geçmäge kömek etmeli. Jogabyň üç warianty bolup, onuň biri dogry.
Ýagny ikinjisi dogry. Biziň ýerine ýetirmeli işimiz ýalňyş jogap berlende ýalňyş jogap berlendigini ýa-da dogry jogap berlende dogry jogap berlendigini şekiller, aňlatmalar, ýazgylar arkaly aňlatmak. Elbetde ýalňyş - dogry jogaplary dürli görnüşde aňladyp bolýar. Biz şolaryň gyzyklysyny we amatlysyny saýlalyň.
Jogap bermak üçin N23 öýjügi saýlalyň. Bu öýjügi özümizçe formatirläliň; çägini goýy çyzyk bilen tapawutlandyralyň we öýjügiň özüni ýaşyl reňk bilen reňkläliň.
Ilki bilen N23 öýjükde 2 san ýazmak arkaly dogry jogap berlende, jogabyň dorudygyny görkezýän alamatlar peýda bolar ýaly işleri geçireliň.
G18 öýjüge “Wingdings 3” şrift (surat 6) we =ЕСЛИ($N$23=2;"г";"") funksiýa bereliň.
Surat 6.
G18 öýjügi nusgalap, bu öýjügiň formaty bilen meňzeş B6, B7, B8, B9, B10, B11, B12, B13, B14, B15, B16, K14, K15, K16, I11, I12, L9 öýjükleri GTRL düwmä basyp bir-birden tapawutlandyrýarys we “Вставить” komanda basýarys. N23 öýjükde 2 san ýazsak bu öýjüklerde belgi ýazylar.
G17, I10, K10 we L10 öýjüklere aýratynlykda “Wingdings 3” şrift bilen =ЕСЛИ($N$23=2;"ж";"") funksiýa berýäris. Indi bu öýjüklerde şekil peýda bolar.
H17 öýjüge “Wingdings 3” şrift bilen =ЕСЛИ($N$23=2;"в";"") funksiýa bereliň. Bu öýjügi nusgalap I17, J17, J10, K10, F11 öýjüklere geçireliň. Bu öýkülerde belgi dörär.
K13, L8, I13 we B18 öýjüklere aýratynlykda “Wingdings 3” şrift bilen =ЕСЛИ($N$23=2;" е";"") funksiýa berýäris. Indi bu öýjüklerde ýazgy peýda bolar.
F13 öýjüge “Wingdings 3” şrift bilen =ЕСЛИ($N$23=2;"б";"") funksiýa bereliň. Bu öýjügi GTRL düwmä basyp bir-birden tapawutlandyryp nusgalap J13, F8, G8, H8, I8, J8, K8, C18, D18 öýjüklere geçireliň. Bu öýkülerde şekil dörär.
E8 we E13 öýjüklere aýratynlykda “Wingdings 3” şrift bilen =ЕСЛИ($N$23=2;"з";"") funksiýa berýäris. Indi bu öýjüklerde görnüşli ýazgy ýazylar.
E9 öýjüge “Wingdings 3” şrift bilen =ЕСЛИ($N$23=2;" д";"") funksiýa bereliň. Bu öýjügi GTRL düwmä basyp bir-birden tapawutlandyryp nusgalap J13, F8, G8, H8, I8, J8, K8, C18, D18 öýjüklere geçireliň. Bu öýkülerde belgi dörär.
E11 we G11 öýjüklere aýratynlykda “Wingdings 3” şrift bilen =ЕСЛИ($N$23=2;"и";"") funksiýa berýäris. Indi bu öýjüklerde görnüşde ýazgy ýazylar.
G13 we E18 öýjüklere aýratynlykda “Wingdings 3” şrift bilen =ЕСЛИ($N$23=2;"з";"") funksiýa berýäris. Indi bu öýjüklerde belgili ýazgy ýazylar.
Dogry jogap saýlananda labirintde peýda bolmaly ýazgylar şular.
Öň aýdyşymyz ýaly iki jogap – 1 we 3 – ýalňyş. Tapmaçany çözüji bu jogaplary saýlanda labiirintde saýlanan ýoluň ýalňyşdygyny görkezýän belgiler peýda bolar ýaly edeliň. Jogap 1 saýlananda 29 sany belgi peýda bolup saýlanan ýol bilen sygyryň otluk meýdana çykyp bilmeýändigini görkezer.
F18 öýjüge “Wingdings 2” şrift (surat 7) we =ЕСЛИ($N$23=1;"У";"") funksiýa bereliň.
Surat 7.
Funksiýadaky “У” harpy kirillisada bolmaly. N23 öýjüge 1 sany ýazsak F18 öýjükde belgi peýda bolar. Galan 28 öýjüge funksiýa bermegimizi dowam etdireliň. Işimizi ýeňletmek üçin EXCEL – iň öz tilsimlerini ulanalyň.
F18 öýjügi nusgalalyň. Bu öýjügiň formaty bilen meňzeş F17, J15, H11, H12, H13 öýjükleri GTRL düwmä basyp bir-birden tapawutlandyrýarys we “Вставить” komanda basýarys.
F16 öýjüge “Wingdings 2” şrift (surat 6) we =ЕСЛИ($N$23=1;"У";"") funksiýa bereliň. Bu öýjügi nusgalap, GTRL düwme bilen F14, F9, I14 öýjükleri alyp geçirýäris.
F10 we F15 öýjüklere “Wingdings 2” şrift we =ЕСЛИ($N$23=1;"У";"") funksiýa berýäris.
H10 we J14 öýjüklere “Wingdings 2” şrift we =ЕСЛИ($N$23=1;"У";"") funksiýa bereliň
H14, I15 we J16 öýjüklere hem “Wingdings 2” şrift we =ЕСЛИ($N$23=1;"У";"") funksiýa bereliň.
FG16 öýjüge “Wingdings 2” şrift goýup =ЕСЛИ($N$23=1;"У";"") funksiýa bereliň. Bu öýjügi nusgalap, GTRL düwme bilen H16, I16, H15, G14, G10, G9, H9, I9, J9 öýjükleri alyp geçireliň.
K9 öýjüge “Wingdings 2” şrift we =ЕСЛИ($N$23=1;"У";"") funksiýa berip birinji jogabyň netijesini tamamlaýarys. Şrifti we funksiýany dogry beren bolsak N23 öýjükde 1 san ýazsak 1-nji jogaba degişli 29 öýjükde belgi peýda bolmaly. N23 öýjükden 1 sany pozsak ol belgiler ýitmeli.
3-nji jogabyň netijelerini almak üçin 84 öýjüge (H18-N18, C17-D17, L17-N17, C16-D16, L16-N16, C15-D15, L15-N15, C14-D14, L14-N14, C13-D13, L13-N13, C12-F12, J12-N12, C11-D11, J11-N11, C10-D10, M10-N10, C9-D9, M9-N9, C8-D8, M8-N8, C7-N7, C6-N6) “Wingdings 2” şrift we =ЕСЛИ($N$23=1;"У";"") funksiýa bermeli.
Tapmaçamyz has gyzykly görnüşi alar ýaly B23:F23 diapazony birleşdirip, oňa =ЕСЛИ(N23=1;"Ýalňyş!";ЕСЛИ(N23=2;"Berekella, dogry!";ЕСЛИ(N23=3;"Dogry däl!";"Ýaşyl kwadratda san ýaz!"))) funksiýany bereliň. Ine bolany. Biziň labirint tapmaçamyz aşakdaky suratdaky ýaly netijeleri berer.
|