Mekdep synplary üçin elektron žurnalda senäniň haýsy çärýege degişlidigini kesgitlemek.

Biziň akylly elektrn žurnalymyz nämeleri başarýar?

1. Aýratynlykda her okuwçynyň çäýekler boýunça bahasyny kesgitleýär;

2. Synpyň ortaça çärýekler booýunça bahasyny çykarýar;  

3. Gyz ökuwçylaryň sanyny we ortaça çärýekler boýunça bahasyny hasaplaýar;

4. Oglan okuwçylaryň sanyny we ortaça çärýekler boýunça bahasyny çykarýar.

Biz öň elektron žurnalda  gyz we oglan okuwçylaryň sanyny almagy öwrenipdik. Indi bu ýazgymyzda žurnalda doldurylan senäniň haýsy çärýege degişlidigini MS EXCEL-iň kömegi bilen kesgitlemegi öwreneris.

Bilşimiz ýaly okuw döwri 4-e 1-nji, 2-nji, 3-nji we 4-nji çärýege bölünýär. Kesgitli bir senede okuwçylara goýlan bahalaryň haýsy çärýege degişli bolmalydygyny akylly elektron žurnalymyzyň kesgitlemegi üçin biz onuň "Bas" sahypasyny açýarys.  

Senäniň çärýede degişliligi

Suratda görşümiz ýaly A1:A5 öýüjklere çärýekleri we tomus dynç alyş döwrüni ýazýarys. B1:B5 diapazonda degişlilikde çärýekleriň we tomus dynç alyş wagtynyň başlanýan wagtyny görkezýäris.

Menýudan Формулы → Присвоить имя → Создание имени çagyrýarys we OK basýarys. 

At dakmak  

At döretmek 

Biz "Bas" sahypanyň B1 öýjügine "I_çärýek" diýen at dakdyk. Formulalarda bu ady ulansak foormulalar "Bas" sahypanyň B1 öýjügine salgylanar.

Şu tertipde B2, B3 we B4 öýjüklere degişlilikde "II_çärýek", "III_çärýek" we "IV_çärýek" atlary dakalyň.

Soňra žurnalyň birinji sahypasyna geçip, onuň C52 öýjüginde aşakdaky megaformulany bereliň: 

=ЕСЛИ(И(СУММ(C3)>=I_çärýek;(СУММ(C3)<II_çärýek));"I";ЕСЛИ(И(СУММ(C3)>=II_çärýek;(СУММ(C3)<III_çärýek));"II";ЕСЛИ(И(СУММ(C3)>=III_çärýek;(СУММ(C3)<IV_çärýek));"III";ЕСЛИ(И(СУММ(C3)>=IV_çärýek;(СУММ(C3)<kanikul));"IV";""))))

megafoormula

C52 öýjügi nusgalap D52:X52 öýjüklere geçirmeli. C52:X52 öýjüklere berlen bu kombinirlenen formulalar bize C3:X3 öýjüklerde doldurylan seneleriň haýsy çärýege degişlidigini kesgitläp berer.

 Ýazgymyzy şunuň bilen tamamlaýaryn. Düşnükli we siz üçin peýdaly bolandyr diýip tama edýärin.

Kategoriýa: EXCEL-iň tilsimleri | Goşan: govshudovh (19.09.2021)
Görlenler: 140 | Reýting: 0.0/0
Kommentariýalaryň hemmesi: 0
avatar