Massiw – bu näme?
EXCEL –de massiw terminine ulanyjylaryň köpüsi gabat gelmedik bolmagy hem mümkin. Çylşyrymly formulalaryň käbirinde ulanylýan massiw sözüne gabat gelen EXCEL ulanyjylaryň käbiriniň bolsa munuň nämäni aňladýandygyna düşünýän däl bolmagy mümkindir.
Geliň biz bu gysga ýazgymyzda massiwe we massiwiň formulasyna (формула массива) düşünjek bolalyň.
Massiw – bu bitewilikde ulanylýan öýjükleriň ýa-da bahalaryň toplumy. Şonda massiw bir däl-de birnäçe öýjükleri ýa-da/şol bir wagtda konstantalary (konstantalaryň nämedigi barada biz aýratyn durup geçeris) öz içine alyp bilýär.
Massiwiň formulasy – bu formulanyň aýratyn görnüşi bolup, ol massiwdäki maglumatlary işleýär.
Massiwiň formulasynyň işläp çykaran netijesi bir bahadan (bir bahaly massiwiň formulasyna biz entek köp mysllarda duşarys) hem, birden köp bahaly hem bolup biler. Şonda köp bahaly netijeleriň her haýsy aýratyn öýjükde ýerleşer.
Sözümiz gury bolmaz ýaly geliň mysala ýüzleneliň.
Ýokarky suratda birnäçe harytlaryň ýerlenen möçberi görkezilen. Her bir kesgitli harydyň bahasyny hasaplamak üçin adatça harydyň sanyny (D10) alnan bahasyna (G10) köpeldip (=D10*G10) alnan netijäni (I10 öýjügi), harydyň indiki görnüşleri üçin nusgalasak, biz hemme harydyň ýerlenen bahasyny alyp bileris. Şonda biz I sütünde her bir satylan haryt üçin aýratyn formula alarys.
Biz bu netijeleri diňe bir massiwiň formulasy bilen hem alyp bileris. Massiwiň formulasyny döretmek üçin:
1. Netije alynmaly I10:I15 sütüni tapawutlandyralyň.
2. Deňdir (=) belgisini alyp D10:D15 diapazony tapawutlandyralyň. Köpeltmek belgisini (*) goýup G10:G15 diapazony tapawutlandyrýarys.
3. Alan formulamyzy massiwiň formulasyna öwürmek üçin Ctrl+Shift+Enter düwmelere basýarys.
Biziň I10:I15 sütüne beren =D10:D15*G10:G15 formulamyz {= D10:D15*G10:G15} görnüşe geler we I sütüniň degişli setirlerinde netijeler peýda bolar.
ÜNS BERIŇ! Figuraly ýaýlar { } Ctrl+Shift+Enter düwmeler basylmagy bilen alynmalydyr. Klawiaturadan elde gös-göni alynan ýaýlary EXCEL ýazgy diýip kabul edýär.
Şu ýerde sizde, eger-de adaty formulada netije alyp bolýarka massiwiň formulasy
bilen netije almagyň manysy näme, hany massiwiň formulasynyň adaty formuladan artykmaçlygy diýen kanuny sorag çykýandyr.
Biz bu ýerde massiwiň formulasyna düşünmek ýeňil bolar ýaly almasy ýeňil sada netijeli mysal getirdik. Hakykatda bolsa funksiýalaryň hiç biriniň alyp bilmedik bize gerek maglumatyny massiwiň formulasy arkaly alyp bilýäris.
|