Elbetde biz bu tilsimi öwrenmek üçin ýüzlerçe sahypa açmarysda, eýsem onlarça sahypa bilen çäkleneris.
Excel faýlda “l”, “ll”, “lll”... “Xll” aýlaryň ady dakylan we menýu üçin hem “Bas” at bilen jemi 13 sahypa açalyň.
Ulanmaga amatly bolar ýaly her çärýegi işlänimizde diňe şol çärýege degişli sahypalar açylyp, beýleki aýlara degişli aýlar ýygnalgy durar ýaly edeliň. “Bas” sahypa baryp «Разработчик» wkladkada «Вставить» knopka basyp, “Dolandyryş formalary” çagyrýarys.
Egerde lentada «Разработчик» wkladka ýok bolsa, lentanyň boş ýerine baryp, syçanyň sag knopkasyna basmaly.
«Настройка ленты…» saýlaýarys, ekrana çykan gepleşik penjirede «Разработчик» atanak goýýarys.
AktiveX elementlerinden “Knopkany” saýlaýarys.
Döreden knopkamyzyň üstüne syçany eltip syçanyň sag knopkasyna basýarys.
«Свойства» saýlaýarys.
1 – knopka at berilýär;
2 – knopkanyň adynyň şriftini, ölçegini üýtgedip bolýar;
3 – knopkanyň adynyň reňkini saýlap bilýäris;
4 – knopkanyň öz reňkini saýlap bilýäris;
5 we 6 – knopkanyň öz ölçegini üýtgedip bolýar.
Knopkany sazlanymyzdan soň, ýene syçanyň sag knopkasyna basyp, ekrana çykan wkladkadan «Исходный текст» saýlaýarys
Private Sub bilen End Sub aralygyna UserForm1.Show ýazýarys.
Bu diýildigi “Menyu” knopka basanymyzda forma peýda bolmaly. Bizde entek hiç-hili forma ýok. Şonuň üçin geliň forma döredeliň. Onuň üçin “Разработчик” wkladkada Visual Basic komandany basyp, Insert→ UserForm saýlalyň. UserForm1 atly forma peýda bolar.
Geliň formamyza surat goýalyň. Onuň üçin formaň üstüne baryp, syçanyň sag knopkasyna basyp Properties (Свойства) girip, Picture gapdalyndaky knopka basmaly.
Load Picture gepleşik penjire çykar.
Gerek suratymyzy saýlaýarys we ýerleşdirýäris.
Surat saýlanymyzda ulanjak formamyzyň ölçegine laýyk gelýän surat saýlamak zerurdyr. Formamyzy surata laýyk getirýäris.
4 çärýek üçin ToolBox – da ýerleşedirilen gurallary ulanyp 4 knopka döredýäris.
Döreden knopkalarymyzyň üstüne ýeke-ýekeden baryp, syçanyň sag tarapyna basyp, “Properties” (Свойства) alýarys we ýokarda (“Menyu” knopkalarda) aýdyşymyz ýaly öz ölçegimizi, şriftimizi (iňlis) saýlap “l caryek”, “ll caryek”, …, at dakýarys.
“l caryek”knopkanyň sag tarapyna basyp View Code saýlap aşakdaky kody berýäris:
Private Sub CommandButton1_Click()
'I - caryek
Sheets("Bas").Visible = True
Sheets("I").Visible = True
Sheets("II").Visible = True
Sheets("III").Visible = True
Sheets("IV").Visible = False
Sheets("V").Visible = False
Sheets("VI").Visible = False
Sheets("VII").Visible = False
Sheets("VIII").Visible = False
Sheets("IX").Visible = False
Sheets("X").Visible = False
Sheets("XI").Visible = False
Sheets("XII").Visible = False
Unload Me
End Sub
“ll caryek”knopkanyň sag tarapyna basyp View Code saýlap aşakdaky kody berýäris:
Private Sub CommandButton2_Click()
'II - caryek
Sheets("Bas").Visible = True
Sheets("I").Visible = False
Sheets("II").Visible = False
Sheets("III").Visible = False
Sheets("IV").Visible = True
Sheets("V").Visible = True
Sheets("VI").Visible = True
Sheets("VII").Visible = False
Sheets("VIII").Visible = False
Sheets("IX").Visible = False
Sheets("X").Visible = False
Sheets("XI").Visible = False
Sheets("XII").Visible = False
Unload Me
End Sub
“III çärýek” we “IV çärýek” knopkalara hem şeýle tertipde kodlary berip VBA penjiräni ýapýarys.
Iň soňky hereketimiz:
Iş kitabyny ýada almaly: «Файл» → «Сохранить как» → «Книга Excel с поддержкой макросов (*xlsm)» saýlamaly.
Ine, bolany!
|