Maglumatlary barlamak.

EXCEL – de öýjüge, diapazona maglumat bermegi kadalaşasyrýan gural goýlan. Ol guraly biz “Maglumatlary barlamak” (Проверка данных) diýip terjime etdik. Göni terjimesi “maglumatlary barlamak” netijäni berýän hem bolsa, bu guralyň ýerine ýetirýän işlerine seredeniňde onuň terjimesini “maglumat bermegi çäklendirmek” diýip atlandyrmak dogry bolýar. Ýöne şeýle hem bolsa biz “Maglumatlary barlamak” (Проверка данных) terjimäni ulanalyň. 
 “Maglumatlary barlamak” (Проверка данных) guraly nämeleri başarýar? Bu guralyň başarnygy çäksiz diýsek elbetde öte geçdigimiz bolmagy mümkin. Şonuň üçin hem bu guralyň ýerine ýetirýän funksiýalary barada giňişleýin gürrüň bermek üçin ýeke şu ýazgy ýeterlik däl. Guralyň ajaýyplygy maglumatlary barlamak üçin özünde goýlan kriteriýalardan başga, formulalary, şertli formatirlemäni ulanyp has çylşyrymly kriteriýalary döredip bolýanlygyndadyr.
Biz bu ýazgymyz arkaly “Maglumatlary barlamak” (Проверка данных) guralynyň özünde goýlan “Sanaw” (Список), “Ýazgynyň uzynlygy” (Длина текста) kriteriýalar bilen tanyşarys.
Bu guraly ulanmak üçin maglumatlary çäklendirjek öýjügimize barýarys. «Данные» → «Работа с данными» → «Проверка данных» → «Проверка данных...» çagyrýarys. «Проверка вводимых значений» gepleşik penjireden “Maglumatyň görnüşinden” (Тип данных) “Sanaw” (Список) görnüşi saýlaýarys.
Çeşmesini (Источник) yanwar;fewral;mart;aprel;may;iyun;iyul;awgust;sentyabr;oktyabr;noyabr;dekabr görnüşde görkezip, OK basýarys. 


проверка данных

 

“Maglumatlary barlamak” guraly ulanan öýjügimizde indi aý atlaryndan başga maglumatlary ulanyp bilmeris.

 

maglumatlary barlamak

 

Ýokarda biz maglumatlary barlamagyň kriteriýasyny konstanta görnüşde berdik. 
Kriteriýany konstanta görnüşde bermek köplenç amatsyz boýar. Şonuň ýaly ýagdaýda kriteriýany salgy bilen bermek amatlydyr. 
Onuň üçin ilki islendik diapazonda ulanjak maglumatymyzy ýazýarys. Çeşmede şol diapazonyň salgysyny görkezýäris.

 

sanaw

 

Aý atlary ýazylan diapazondaky ýazgylary ak reňk bilen reňkläp görer gözden gizlesek gelşikli bolar.

Maglumatlary barlamagyň ýene bir şerti - “Ýazgynyň uzynlygy” (Длина текста) - bilen tanyşalyň.
Bu gezek «Проверка вводимых значений» gepleşik penjireden “Maglumatyň görnüşinden” (Тип данных) “Ýazgynyň uzynlygy” (Длина текста) görnüşi saýlalyň.

длина текста

 

Indi “Maglumatlary barlamak” guraly öýjükde ondan köp ýa-da az belgili ýazgy ýazmaga ygtyýar bermez. 

ýazgynyň uzynlygy

Öýjükde diňe on belgili ýazgylary ýazyp bileris.

список

Biz bu gezek hem şerti konstanta görnüşde berdik. Kriteriýany salgy görnüşde bermäge özbaşdak synanyşyp görüň.

Kategoriýa: EXCEL-de gurallar | Goşan: govshudovh (14.09.2023)
Görlenler: 71 | Reýting: 0.0/0
Kommentariýalaryň hemmesi: 0
avatar