Bir öýjükde ýerleşdirilen maglumatlary birnäçe öýjüklere bölmek.

Işde käbir ýagdaýlarda jedweliň öýjügunde ýerleşdirilen maglumatlary dürli öýjüklere bölmek gerek bolýar. Adatça adam ady, atasynyň ady we familiýasy bir öýjükde ýazylýar. Biz mysal edip şu ýagdaýy alalyň. Ady, familiýany we atasynyň adyny aýry öýjüklere böleliň.

Goý bize aşakdaky maglumatly tablisa berlen bolsun.

F4 ∆ fx  
  A B C D
1 Aman Altyýewiç Mämmedow      
2 Serdar Alyýewiç Durdyýew      
3 Mekan Aşyrowiç Meredow      
4 Mele Hezretowiç Geldiýew      
5 Dursun Abdyýewna Sähedowa      
6 Söýün Hydyrowiç Myradow      
7 Jeren Ýusupowna Saryýewa      

 

Bu tilsimi ýerine ýetirmek üçin ECXEL - iň öz mümkinçiliklerini ulanalyň. Bölünmeli A1:A7 diapazony tapawutlandyralyň. "Данные" wkladkadan "Текст по столбцам" gurala basalyň, ekrana çykan penjireden " - с разделителями", opsiýany saýlaýarys we tassyklaýarys.

 

Ýazgyny bölmek

 

Indiki çykan penjireden "пробель" opsiýany saýlap, "OK" basmak bilen dowam etdirýäris.

 

maglumat bölmek

 

Indiki penjireden aljak maglumatlarymyzyň formatyny bereliň. Özünde adatça "Общий" format dur. Ahyrky hereketimiz maglumatlary goýjak öýüjgimizi (Поместить в) B2 görkezeliň.

 

ýazgyny sütünlere bölmek

 

Biz indiki netijeli tablisany alarys.

 

F4 ∆ fx  
  A B C D
1 Aman Altyýewiç Mämmedow Aman Altyýewiç Mämmedow
2 Serdar Alyýewiç Durdyýew Serdar Alyýewiç Durdyýew
3 Mekan Aşyrowiç Meredow Mekan Aşyrowiç Meredow
4 Mele Hezretowiç Geldiýew Mele Hezretowiç Geldiýew
5 Dursun Abdyýewna Sähedowa Dursun Abdyýewna Sähedowa
6 Söýün Hydyrowiç Myradow Söýün Hydyrowiç Myradow
7 Jeren Ýusupowna Saryýewa Jeren Ýusupowna Saryýewa

 

Bir öýjükde jemlenen maglumatlaryň aýry-aýry dürli öýjüklere EXCEL-iň özünde ýerleşdirilen guralyň kömegi bilen bölemgiň tertibibilen tanyşdyk.

Ýöne elmydama biziň mysalymyzdaky ýaly maglumatlar gülala-güllük bolmaýar. Tertipler tertipsiz berlen ýagdaýda näme etmeli? Bu ýagdaýyň çözgüdi Excel goşundynyň ussady Jon Uokenbahyň "Профессиональное программирование на VBA в Excel 2003" kitabynda ýerleşdirilipdir, ussat öz mysalynda adam atlarynyň aşakdaky tablisadaky ýaly adaty däl dürli görnüşde doldurylan ýagdaýyndaky çözgüdini alypdyr.

Adam atlaryny öýjüklere bölmek üçin indiki formulalar ulanylypdyr.

 

F4 ∆ fx  
  A B C D E F G H
1 Aman Mämmedow Aman Mämmedow 5 #ЗНАЧ 5 Aman Mämmedow Aman Mämmedow
2 Serdar Alyýewiç Durdyýew Serdar Alyýewiç Durdyýew 7 16 16 Serdar Durdyýew Serdar Durdyýew
3 Mekan Aşyrowiç Meredow Mekan Aşyrowiç Meredow 5 5 15 Mekan Meredow Mekan Meredow
4 Mele H. Geldiýew Mele H. Geldiýew 5 8 8 Mele Geldiýew Mele Geldiýew
5 D.A Sähedowa D.A Sähedowa 4 #ЗНАЧ 4 D.A Sähedowa D.A Sähedowa
6 S. Hydyrowiç Myradow S. Hydyrowiç Myradow 3 13 13 S. Myradow S. Myradow
7       Jeren Saryýewa Jeren Saryýewa 6 #ЗНАЧ 6 Jeren Saryýewa Jeren Saryýewa

 

  • B1 öýjükde =СЖПРОБЕЛЫ(A1);
  • C1 öýjükde =НАЙТИ(" ";B1;1);
  • D1 öýjükde =НАЙТИ(" ";B1;C1+1);
  • E öýjükde =ЕСЛИ(ЕОШИБКА(D1);C1;D1);
  • F öýjükde =ЛЕВСИМВ(B1;C1);
  • G öýjükde =ПРАВСИМВ(B1;ДЛСТР(B1)-E1);
  • H öýjükde =F1&G1.

Birinji setiriň A1:H1 diapazona beren formulalarymyzy A2:H7 diapazona nusgalap geçirsek, ýokarky görnüşde taýyn jedwel alarys.

Geliň indi bu formulalara düşünjek bolalyň. Düşündirişi ikinji setirirň mysalynda geçsek, düşünmek ýeňil bolar.

B2 öýjüge berlen =СЖПРОБЕЛЫ(A2) formula A2 öýjükde ýerleşdirilen maglumatda bolup biljek artykmaç boşluklary pozýar. EXCEL - de boşluklar hem aňlatma hasaplanýar. Şonuň üçin bu funksiýa indiki öýjüklere berlen formulalaryň korrekt işlemegi üçin gerek. A7 öýjükdäki boşluk bilen berlen maglumat muňa mysal bolup biler.

C2 öýüjge berlen =НАЙТИ(" ";B2;1) B2 öýjükde A1 öýjükden artykmaç boşluklardan arassalanan maglumatdan birinji boşlugyň ýerleşen ornuny çykaryp berýär. Biziň tablisamyzda bu öýjükde ilkinji boşluga çenli 6 harpdan ybarat "Serdar" ýazgy bar. Diýmek ilkinji boşlugyň ýerleşen orny - 7.

D2 öýjüge =НАЙТИ(" ";B2;C2+1) berlen formula hem C2 öýjükdäki ýaly B2 öýjükdäki maglumatdan boşluk gözleýär. C2 öýjükde funksiýanyň gözlemek prosesiniň başlangyç orny 1 bolan bolsa, biziň D2 öýjüge beren formulamyzda gözlemek prosesiniň başlangyç orny C2+1. Ýagny 7+1, sekizinji orundan başlamaly. B2 öýjükdäki maglumatyň sekizinji orundan indiki boşluga çenli 8 pozisiýa (Alyýewiç) bar. Netijede D2 öýjükde 16 san peýda boldy.

E2 öýjüge =ЕСЛИ(ЕОШИБКА(D2);C2;D2) formula berlen. Bu funksiýa eger D2 öýjük ýalňyş (#ЗНАЧ) görkezýän bolsa, C2 öýjükdäki maglumaty alyp berýär, tersine bolsa D2 öýüjkdäki maglumty görkezýär.

F2 öýüjkde =ЛЕВСИМВ(B2;C2) bar. Bu funksiýa B2 öýjükden 7 (C2 öýjükdäki maglumat esasynda) pozisiýany, ýagny "Serdar " çykarýar.

G2 öýjüge berlen =ПРАВСИМВ(B2;ДЛСТР(B2)-E2) funksiýa içi funksiýanyň düşündirişi - B2 öýjükde ýerleşen maglumatyň simwolynyň jeminden E2 öýjükdäki sanyň tapawudy möçberinde simwol aýryp bermeli (24-16=8). Diýmek B2 öýjükdäki maglumatyň sag tarapyndaky 8 simwol alynmaly.

H2 öýüjkdäki =F2&G2 formula iki F2 we G2 öýjükleriň maglumatyny tirkeşdirip alyp berýär.

Ine biz maglumatlary dürli öýjüklere bölmegiň iki usulyna garap geçdik.

 

Kategoriýa: EXCEL-de gurallar | Goşan: govshudovh (31.03.2022)
Görlenler: 107 | Reýting: 5.0/2
Kommentariýalaryň hemmesi: 0
avatar