Bir okda iki däl üç "towşan" urmak.

Saýtda käbir makalalary ýazjak bolanymda makalany saýtdaky EXCEL - e degişli bölümleriň haýsynda ýerleşdirmelidigi barada netijä gelmekde kynçylyk çekýärin. Kynçylyk çekmegimiň sebäbi EXCEL tilsimleriniň köpüsi onuň menýusynda goýlan gurallary bilen amala aşyrylýar. Ýöne guralyň görnüp durandygyna garamazdan, onuň tükeniksiz başarnyklary, tilsimleri görer-göze görnüp duranok.

Geliň onda ýazgymyza geçeliň. Sözbaşyda getirilen "towşana" düşüneliň.

Mysal getireýin:

1. Kärhanada bolup geçýän islendik amala memorial orderde berlen buhgalter ýazgy Şahmatka, Dolanyşyk galyndy wedomostyna, Baş kitaba, Maliýe hasabatyna (balansa) düşüp bilýär.

2. Işgärleriň işlän iş günlerni ýazmak bilen olaryň zähmet haklaryny, tutumlaryny  hasaplamak, zähmet hakyna buhgalter ýazgylary ýazmak, tutumlara Töleg tabşyrygyny doldurmak, Döwlet durmuş ätiýaçlandyrma hasaplamalary, sanawy, aýlyk zähmet haklarynyň sanawyny doldurmak mümkin.

Bu sanawy sanasaň sogaby bar diýen ýaly dowam etdirseň etdiribermeli.

Onsoňam biziň bu aýdanlarymyz hasap-hesibe, ýagny EXCEL-iň öz niýetlenen ugryna degişli. Onuň niýetlenmedik işlerinden EXCEL-de prezentasiýalary taýýarlamak, suratlary (hatda hereketlenýän suratlary) taýýarlamak mümkin. Elbetde biziň bu aýdýan başarnyklarymyzy EXCEL-iň ýerie ýetirmegi üçin biziň EXCEL-den, etdirjek bolýan işimizden, ýeterlik başarnyklarymyz we fantaziýamyz bolmaly. 

Ine şu aýdanlarymyzyň özi bir hereket bilen birnäçe işi ýerine ýetirip bolýandygyny - bir ok bilen birnäçe aw awlap bolýandygyny subut edýär.

Biz bu ýazgymyzda bir okda üç "towşan" urulyşyny beýan etmekçi. Geliň bilelikde ýazgyda beýan edilişi ýaly hereketleri ýerine ýetirip, bilelikde netije gazanalyň. Ilki bilen üç "towşan" bilen tanyş bolalyň:

1. Şertli formatirlemäni ulanmagyň tilsimleriniň käbirini ulanarys.

2. Öz şahsy diagrammamyzy gurarys. 

3. Nusgalamak arkaly "baglanyşykly surata" alyp-goýmak bilen tanşarys. 

Aşakdaky ýaly tablisa taýýarlalyň. 

Diagramma gurýarys

 

Tablisany suratda görkezilişi ýaly öýjüklerde ýerleşdirmek hökman.

Tablisadan daşyrakda AJ33 öýjüge baralyň we (1) Условное форматирование çagyralyň. 

(2) Создать праило...→ (3) Использвать формулу для определения форматируемых ячеек

 

Diagramma gurmak

(4) Форматировать значения, для которых следующая формула является истинной: =$B$5>=15000 formulany goýalyň.

Şahsy diagramma gurmak

(5) Формат knopkany basyp, şrifti saýlalyň.

 

Baglanyşykly nusga

(6) Заливка wkladkada öýjük üçin reňki saýlalyň.

 

Şertli formatirleme

 

AJ32 öýjükden AJ14 öýüjge çenli ýokarky hereketleri yzygiderlilikde ýerine ýetirmeli.

Her indiki öýjüge +15000 ösdürip (30000; 45000...) formula bermeli.

Şonda: AJ32 öýjükde ④ =$B$5>=30000 formula ulanmaly.

Şonda: AJ31 öýjükde ④ =$B$5>=45000 formula ulanmaly.

. . .,

Şonda: AJ14 öýjükde ④ =$B$5>=300000 formula ulanmaly.

Biz "Satlyk bahanyň" dinamikasyny taýynladyk.

 

"Peýdanyň" dinamikasyny hem şol tertipde taýynlalyň:

AL33 öýjükde (4) =$D$5>=15000 formula ulanalyň. Üns beren bolsaňyz =$B$5  =$D$5 bilen çalşyldy.

5-nji hereket üýtgänok.

6-njy hereketde öýjügiň reňkini islegimize görä saýlalyň.

AL32-den Al28-e çenli degişlilikde 4-nji hereketi =$D$5>=30000; =$D$5>=45000; =$D$5>=60000; =$D$5>=75000; =$D$5>=90000 üýtgedeliň we 6-njy hereketde saýlan reňkimizi bereliň.

Ikinji "Peýdanyň" dinamikasyny hem taýynladyk.

 

Indi "Özüne düşýän gymmadynyň" dinamikasyny taýynlalyň.

AN33 öýjüge (4) =$E$5>=15000 bermeli.

Bu dinamika üçin 6-njy hereketde täze reňk saýlamaly.

AN14 - e çenli degişli formula berip, saýlan reňkimizi bermegi hem ýatdan çykarmaly däl.

Şonda AN14 öýjükde (4) =$B$5>=300000 formula emele geler.

Biz şertli formatirlemäni ulanyp kärhananyň üýtgäp duran ösüş dinamikasyny aldyk.

Şertleri dogry ýerine ýetiren bolsak "Satlyk bahanyň", "Özüne düşýän gymmadyň" we "Peýdanyň" bahalaryny üýtgedenimizde biziň döreden diagrammamyzyň hem üýgeýändigini göreris.

Netijede biz Şertli formatirlemäni ulanyp öz şahsy diagrammamyzy gurduk.

Soňky Nusgalamak arkaly "baglanyşykly surata" alyp-goýmaga geçeliň.

Diagrammamyzyň ýerleşen diapazonyny tapawutlandyrýarys we açyk reňk bilen reňkläp, nusgalaýarys. 

Tablisa golaý öýjükleriň birine baryp, Вставка → Связянный рисунок basýarys.

Baglanyşykly surat

Nusgamyz surat görnüşde geçdi.

Вставка → Фигуры  kömegi bilen suratyň ululygynda dörtburçlyk alalyň.

EXCEL-de şekil almak

 

Täze Формат (Работа с рисунками) Формат (Средства с рисования) wkladkalar peýda bolar.

Dörtburçlyk bilen suraty biri biriniň üstünde goýup Группировать toplalyň.

Öz diagrammamyz

 

Şekilimiz bilen Diagrammaly suratymyz birleşdi.

Эффекты для рисунка → Заготовка → Заготовка 9 saýlalyň.

EXCEL -de 2D surat

Ine bolany.

"Satlyk bahanyň", "Özüne düşýän gymmadyň" we "Peýdanyň" bahalary üýtgände dörtburç şekildäki diagramma hem üýtgär.

 

Kategoriýa: EXCEL-de gurallar | Goşan: govshudovh (18.05.2023)
Görlenler: 94 | Reýting: 0.0/0
Kommentariýalaryň hemmesi: 0
avatar