Excel-de formulalar.

Formulalar funksiýalar bilen birlikde Excel-iň esasyny düzýärler. Olaryň kömegi bilen çylşyrymly hasaplamalar ýerine ýetirilýär. Geliň bu makalamyzyň kömegi bilen formula gowy düşünjek bolalyň.
Formula näme?
Excel-de formula belli bir netijäni berýän matematiki amal. Sada we çylşyrymly formulalary biz özümiz düzüp bilýäris. Mysal üçin:
Excel-de formula

Görşümiz ýaly Excel bize iki sanyň gatnaşygyny çykaryp berdi. Şeýle hem biz Excel-de ähli formulalaryň deňdir belgi (=) bilen başlanýandygyna üns bereliň.


Öýjüge salgylanmalar.
Ýokardaky mysalda getiren formulamyzyda kesgitli bahalar alnandygy sebäpli, ol ulanmaga amatly däl. Amatsyzlygynyň sebäbi formulany täzeden redaktirlemesek we bahany el bilen üýtgetmesek, netijeler üýtgemeýär, netijäniň çeşmesi başlangyç bahalar görünmeýär. Görşümiz ýaly bize diňe netije görünýär. Elektron tablisany dolandyrmak kynlaşýar.
Biz maglumatlar görner ýaly we olary islän wagtymyz üýtgedip bolar ýaly, öýjüklere salgylanmalary ulanalyň. Aşakdaky suratda C1 öýjükde salgylanmalar ulanylyp alnan formulanyň mysaly getirilen:
Öýjüge salgylanma

Ýagny, C1 öýjüge A1, A2 we A3 öýjüklerdäki sanlary, bahalary jemlemeklik formulasy berlen. Salgylanmalary ulanýandygymyz sebäpli, bu bahalary islän wagtymyz üýtgedip bileris we C1 öýjükde takyk netijäni alarys.
Biziň bu mysalda salgylanmalara esaslanýan formulamyz öňki kesgitli bahalara esaslanýan formulamyzdan artykmaçlyklarynyň bardygyna garamazdan, biziň bu usulymyz hem işlenende käbir amatsyzlyga gabat gelinýär. Ýagny, biz deňdir belgi bilen alýan formulalarymyzda öýjükler toplumynyň - diapazonyň jemini alyp bilmeýäris. 
Salgylanma

Öýjük

Bu amatsyzlygyň çözgüdi bilen tanyşmak isleseňiz, biziň funksiýalar baradaky makalamyz bilen tanyş bolup bilersiňiz.
Biz ýokarda salgylanmalary açyk duran işjeň sahypanyň mysalynda aldyk, ýöne başga sahypalarda ýerleşen öýüjklere nähili salgylanmaly?
Onuň üçin deňdir (=) belgini alyp, maglumat alynmaly sahypamyzyň degişli öýjügine baryp ENTER düwmä basmak ýeterlikdir. 
=Sahypanyň ady!Salgy
=Лист1!C15

EXCEL-de salgylanmalary otnositel, absolýut we garyşyk salgylanmalara bölýärler. Bular barada “EXCEL-de salgylanmalar” makaladan tanşyp bolar.

Kategoriýa: EXCEL-iň tilsimleri | Goşan: govshudovh (13.04.2021)
Görlenler: 141 | Reýting: 0.0/0
Kommentariýalaryň hemmesi: 0
avatar