Senäni EXCEL - e awtomat aldyrmak

Resminamalarda işlenende sene ýazmak gerek bolýar. Dürli görnüşde ýazylýan ol seneleri EXCEL ulanyjylaryň köpüsi tutuşlygyna elde ýazýarlar. Haçanda sene ýazgylaryny awtomat ýazdyryp bolýarka biz ony ulanmasak EXCEL-iň  bizden öýkelemegi mümkin. EXCEL –i öýkeletmezlik üçin geliň bu mümkinçilikden peýdalanalyň we şonuň bilen birlikde gyzyldan gymmat wagtymyzy tygşytlalyň. 
Seneler onlarça resminamalarda dürli görnüşde ýazmaly bolýandygy üçin EXCEL-iň adaty funksiýalary bu meseläni çözüp bilmeýär. 
 

sene_rasminamada

 

resminamada_sene

 

дата

 

Bize gerek formatda EXCEL – de sene babatda taýyn funksiýalar ýok. Esasan hem biz öz milli elipbiýimizde senäni islän görnüşimizde aljak bolsak, EXCEL – de bar bolan funksiýalaryň birnäçesini ulanyp formula ýasamaly  bolýarys. Geliň olaryň birnäçesi bilen “EXCEL – iň tilsimleri” we “EXCEL – de gurallar” bölümlerde  tanyş bolalyň.

 

Kategoriýa: EXCEL-iň tilsimleri | Goşan: govshudovh (16.04.2021)
Görlenler: 131 | Reýting: 0.0/0
Kommentariýalaryň hemmesi: 0
avatar