ИЛИ funksiýasy

ИЛИ funksiýasy

 

ИЛИ funksiýasy funksiýalaryň logiki toparyna degişli. Bu funksiýa 255-e çenli argumentli bolup bilýär. Argumentleri san, ýazgy, salgy, funksiýa/formula bolup bilýär. Argumentler nokatly otur bilen tapawutlandyrylýar. Ulanylýan argumentleriň iň bolmanda biri logiki aňlatma laýyk bolsa hem funksiýa bize ИСТИНА (hakykat), ulanylýan argumentleriň hiç biri logiki aňlatma laýyk gelmeýän bolsa, ЛОЖЬ (ýalan) netijäni berýär.
Mysal:
 

 

Funksiýa ИЛИ

 

ИЛИ funksibanyň aýratynlyklary

 

Görşümiz ýaly argumentleriň aňlatmasy salgylanýan öýjüklerindäki maglumatlaryň biri bilen deň gelär, beýlekisi bilen deň gelmeýär. Şeýle hem bolsa funksiýa bize ИСТИНА (hakykat) hetijäni berýär. Eger funksiýanyň argumentleriniň şerti öýjüklerdäki maglumatlaryň hiç biri bilen deň gelmese, onda ИЛИ funksiýasy ЛОЖЬ (ýalan) jogaby berer.

 

ИЛИ funksiýany ulanmak

 

Biziň bu ýokarda getiren mysalymyz EXCEL lanyjylaryň käbirine düşnüksiz bolup görünýän bolmagy mümkin. Ol düşnüksizlik hem bu funksiýany nirede, nahili ýagdaýda ulanyp boljakdygy göz öňüne getirip bolmaýandygy üçin döreýändir. 

Bu düşnüksizligi aýdyňlaşdyrmak üçin Funksiýa içi funksiýa baradaky gysga ýazgymyz bilen tanyşmagy maslahat berýäris. ИЛИ funksiýasy bilen kombinirlenen ЕСЛИ funksiýasynyň mysalynda garap geçilýän mesele düşnüksizligi aradan aýyrar diýip hasap edýäris.
 

Kategoriýa: EXCEL-iň tilsimleri | Goşan: govshudovh (19.04.2021)
Görlenler: 130 | Reýting: 0.0/0
Kommentariýalaryň hemmesi: 0
avatar