Funksiýa içi funksiýa.

Funksiýa içi funksiýa - muňa nähili düşünmeli?
Umumana rus dilinde aňladylýan вложенные функции termini biziň terjime etdigimiz. Terjime ýerine düşüpmi, düşmänml, bilemok. Belki siz bu sözüň özüne laýyk terjimesiniň wariantyny teklip edrsiňiz.
Geliň indi funksiýa içi funksiýanyň nämäni aňladýandygyna düşündiriş bereliň.
Funksiýalaryň ulanylyşy barada düşündirişlerde biz funksiýanyň argumentlerinde san, ýazgy,... funksiýa ulanyp bilýäris diýýäris. Mysal üçin, ЕСЛИ funksiýasynyň argumentleriniň biri - goý aýdaly ИЛИ funksiýasy, ýa-da ИЛИ funksiýasynyň argumentleriniň biri ЕСЛИ funksiýasy bolup biler. EXCEL-de funksiýa içi funksiýany başgaça Kombinirlenen funskiýa diýip hem atlandyrýarlar.
EXCEL ulanyjylar Aralykdaky funksiýalar (Промежуточная функция) düşünjäni hem ulanýarlar. Berlen maglumatlardan gerek netijämizi almak üçin käwagt bir funksiýanyň güýji ýetmeýär, şonda birnäçe funksiýa yzygiderlilikde ulanylýar. Maglumatlar bilen gutarnykly netijäni çykaryp berýän ahyrky funksiýanyň arasyndaky ulanylan funksiýalara Aralykdaky funksiýa diýilýär. Bu metody esasan öwrenje, başlangyç ulanyjylar ulanýarlar.
Kombinirlenen funksiýalaryň has çylşyrymly görnüşlerini Mega formula diýip atlandyrýanlar hem bar.
Indi bolsa kombinirlenen funksiýalar baradaky nazary düşündirişimizi tamamlap, ol baradaky amaly mysalymyza ЕСЛИ bilen ИЛИ funksiýasyny ulanyp seredip geçeliň.
Aýratyn bir sahypa açalyň. C1 öýjüge

= ЕСЛИ(ИЛИ(A1>=30;B1>=30);”

Çäkden ýokary”;”Çäkden pes”) kombinirlenen funksiýany bereliň.
A1 bilen B1 öýjükleriň, ýa-da haýsy hem bolsa biriniň bahay 30-dan uly bolsa EXCEL bize “Çäkden ýokary” diýen netijäni berer. Öýjüklerdäki sanlar 30-dan pes bolsa, “Çäkden pes” netijäni alarys.

 

Kombinirlenen funksoýalar
 

Kategoriýa: EXCEL-iň tilsimleri | Goşan: govshudovh (19.04.2021)
Görlenler: 289 | Reýting: 0.0/0
Kommentariýalaryň hemmesi: 0
avatar