Esasy serişdeler.
10.06.2021, 17:32

Biz bu ýazgymyzda hasabatda ykdysady düşünjeleriň biri Esasy serişdeler barada durup geçmekçi.
Kärhanalarda esasy serişdeler nireden peýda bolýarlar? Olar adatça (a) satyn almak, (b) gurluşyga düýpli maýa goýmak, (ç) mugt berilmek we (d) döredijiler tarapyndan goýlan maýa goýum görnüşde emele gelýärler. 
Esasy serişdelere nämeler degişli? Kärhananyň balansynda duran jaýlar, desgalar, watoulag serişdelelri, ýörite tehnikalar, geçiriji enjamlar, stanoklar, apparatlar we beýlekiler. Olar kärhananyň aktiwi bolup durýarlar. 
Esasy serişdelelri iki topara bölýärler. Önümçilik esasy serişdeleri we önümçilik däl esasy serişdeler. Adyndan belli bolşy ýaly esasy serişdelelriň bir topary önüm öndürmek, işi, hyzmady ýerine ýetirmek üçin iş prosesine gös-göni gatnaşýarlar. Mysal üçin tikin maşyny könelip hasapdan çykarylýança birnäçe ýylyň dowamynda müňlerçe tikin önümlerini taýýarlamaga gatnaşýar. Şol bir wagtda administratiw jaýy önümçilige gatnaşmaýar. Ine şonuň üçin tikin maşyny önümçilik esasy serişdeler, administratiw jaý ömümçilik däl esasy serişdeler toparyna degişli bolýar.

Buhgalter hasabynda esasy serişdeleriň bahasyny 3 görnüşe bölýärler. Başlangyç baha, dikeldilen baha, galyndy baha.
Başlangyç baha – esasy serişde satyn alnandaky baha.
Dikeldilen baha – esasy serişdele döwre görä gaýtadan baha kesilmegi;
Galyndy baha – hasaplanan könelme bahany hasaba alyp başlangyç baha bilen tapawudy görnüşde çykarylar.
Esasy serişdeleri görnüşleri boýunça Hasap meýilnamada aşakdaky görnüşe bölýärler:
1)     6111 41 00 – “Jaýlar”;
2)    6111 42 00 – “Desgalar”;
3)    6111 43 00 – “Jaýlary we desgalary abadanlaşdyrmak”;
4)    6111 44 00 – “Maýa goýum emlägi hökmünde hasaba alynýan jaýlar”;
5)    6112 41 00 – “Maşynlar we enjamlar”;
6)    6112 42 00 – “Ulag serişdelelri”;
7)    6112 43 00 – “Kompýuter we edara enjamlary”;
8)    6112 44 00 – “Mebel we edara esbaplary”;
9)    6112 45 00 – “Gaýry esasy serişdeler”.

Esasy serişdeleriň hereketine berilýän buhgalter ýazgylary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.
 

Kategoriýa: Ýazgylar | Goşan: govshudovh
Görlenler: 255 | Загрузок: 0 | Reýting: 0.0/0
Kommentariýalaryň hemmesi: 0
avatar