Buhgalter hasabatynyň meýilnama hasaby.
06.06.2021, 13:47

       Buhgalter ýazgylarynda meýilnama hasap belgileri ulanylýar. Olar nämäni aňladýarlar?

        Elbetde meýilnama hasaplary maliýe-hojalyk amalynyň dili diýsek dogry bolar. Bu dile düşünmek, meýilnama hasap belgilerini okap bilmek, olardan many çykarmak bahasyz ukypdyr. Bu başarnygyň kärhananyň nirä barýandygyna düşünmäge kömek etmekde gymmaty uludyr.

        Adatça kärhanalarda her günde birnäçe maliýe-hojalyk amallar bolup geçýär. Mysal üçin harydyň, taýýar önümiň alyja ugradylmagy, esasy serişdelelriň, çig malyň, harydyň alynmagy, algydarlar, bergidarlar bilen hasaplaşyklaryň geçirilmegi, salgytlaryň hasaplanmagy, tölenmegi, zähmet hakynyň hasaplanmagy, tölenmegi. Şeýle görnüşdäki amallary söz bilen ýazmak – “A kärhanadan şunça möçberde, şunça manatlyk çig mal aldyk” ýa-da “Şu gün işgärleriň zähmet hakyny töledik” görnüşdäki ýazgylar bilen hasap ýöretjek bolsak amatsyz boljakdygy görnüp durandyr. Şu amatsyzlyklar bolmaz ýaly meýilnama hasaplary oýlanyp tapylypdyr. 

         Buhgalter hasabaty takyk bilim bolup, ol takmynlygy söýmeýär. Hasabaty takyk we tertipli alyp gitmek üçin meýilnama hasaplary buhgalter hasabatynda uly rol oýnaýarlar.

          Meýilnama hasaplar 3 görnüşe bölünýärler. Aktiw, passiw we aktiw-passiw hasaplar.  

Aktiw hasaplar kärhananyň emlägini düzýärler, ýagny esasy serişdeler, haryt, taýýar önüm, pul serişdeleri. 

Passiw hasaplar aktiw hasaplary emele getirýän çeşmelerden ybarat – esaslyk maýa, paýlanmadyk peýda, karzlar. 

Aktiw-passiw hasaplara şular degişli: algylar-bergiler, peýda-zyýan, girdejiler-çykdajylar.

          Buhgalter hasabatyny öwrenmek üçin meýilnama hasaplary ýatdan bilmeli diýýänler bar. Elbetde olary ýat tutup bolsa, buhgalter hasabatyny öwrenmekde peýdasynyň uly boljakdygy jedelsizdir.

          Biziň pikirimizçe meýilnama hasaplaryň hemmesini ýatdan bilmek hökman däl. Ol biziň köpümize başardasy hem  ýok. Kärhanalarda ol hasaplaryň hemmesi ulanylanok. Her bir kärhana öz iş ugruna, degişli pudagyna laýyk ulanjak hasaplaryny her täze maliýe ýyly üçin saýlap alýar. Ine şu hem hasaplary doly ýat tutmaklyga zerurlygyň ýokdugyny subut edýär. Şeýle hem bolsa, meýilnama hasaplaryň has köp ulanylýanlaryny ýat tutma derejä golaý bilmekligiň, goşa ýazga we hasaplaryň görnüşleriniň tapawudyna düşünmeklige, netijede buhgalter hasabatyna çalt düşünmäge kömegi deger.

           Meýilnama hasaplaryň yzygiderli ulanylýanlaryna degişli hasaplar bilen tanyşmankak biz meýilnama hasaplaryň gurluşy bilen tanyşalyň.

 

Hasaplaryň meýilnamasynyň gurluşy: 

Dereje Derejäniň ady Belgileriň sany
Birinji Hasabyň görnüşi X
Ikinji Dereje XX
Üçünji Kiçi dereje XXX
Dördünji Esasy topar XXXX
Bäşinji Kiçi topar XXXXX
Altynjy Jemleýji hasap XXXXXX
Ýedinji Jikme-jik hasap XXXXXXXX


        61114100 "Jaýlar" hasabyň mysalynda hasaplaryň meýilnamasynyň gurluşyna düşüneliň:

        6 - hasabyň görnüşi, 61 - dereje, 611 - kiçi dereje, 6111 - esasy topar, 61114 - kiçi topar, 611141 - jemleýji hasap, 61114100 - jikme-jik hasap.

        Sizi buhgalter hasabatyna düşünmek gyzyklandyrýan bolsa, goşa ýazgy, hasaplaryň görnüşleriniň tapawudy baradaky düşünjeler bilen  tanyşmagy maslahat berýärin.

Kategoriýa: Ýazgylar | Goşan: govshudovh
Görlenler: 484 | Загрузок: 0 | Reýting: 4.0/1
Kommentariýalaryň hemmesi: 0
avatar