Algy-bergiler boýunça elektron kartoçkanyň ýöredilişi
07.07.2021, 19:09


Kärhanalar her bir iş salyşýan kärhanalary üçin algy-bergiler boýunça aýratyn kartoçkalary ýöredýärler. Ol kartoçkalaryň görnüşleri dürli bolup biler. Geliň şol kartoçkanyň ýöredilişi bilen tanyşalyň.

"B" kärhana biziň "A" kärhanamyzdan 124520,00 manatlyk maddy gymmatlygy almak üçin 10.04.2021 senede Şertnama baglaşýar. Şertnamanyň şertine görä biziň "A" kärhanamyz "B" kärhana 18.04.2021 senede 124520,00 manatlyk maddy gymmatlyk ýüklemeli. Wagtynda ýükläp bilmedik ýagdaýynda biziň "A" kärhanamyz "B" kärhana her gijä galan güni üçin bar bolan berginiň 0,01% möçberinde puşmana tölemekligi borçlanýar. "B" kärhana hem öz gezeginde alan maddy gymmatlygyň ýüklenen senesinden soň bir aýyň dowamynda hasaplaşmaklygy borçlanýar. Hasaplaşyk göz öňünde tutulan wagtynda amala aşyrylmasa her gijä galynan gün üçin emele gelen berginiň 0,01% möçberinde puşmana tölemeklige borçlanýar.
Aşakdaky görnüşde tablisamyzy taýynlaýarys:
E5 öýjüge baryp, Данные→Проверка данных→Проверка данных...alýarys.

Algy-bergileriň elektron tablisasy


E6 öýjügi E10 öýjüge çenli nusgalap geçirýäris. 
Elbetde kartoçkamyz elektron boljak bolsa onda formulalar hem bolmaly:
J6 öýjükde

=ЕСЛИ(E6=$J$4;СУММ(G6:I6);"")

K6 öýjükde

=ЕСЛИ(E6=$K$4;СУММ(G6:I6);"")

J6 we K6 öýjükleri hem aşak J10 we K10 öýjüklere çenli nusgalaýarys.
"B" kärhana 10.04.2021 senede aljak maddy gymmatlygy üçin 60000,00 manat öňünden hakujy töleýär.

 

Algy-bergileriň elektron jedweli

H5 öýjükde "B" kärhana tarapyndan bölek tölenegiň bahasyny 60000,00 manady ýazýarys we E5 öýjükde "Kt" goýýarys.

"A" kärhana 18.04.2021 senede 124520,00 manatlyk maddy gymmatlyk ýüklemelidigine garamazdan wagtynda ýükläp bilmeýär. Diýmek her gijä galynan gün üçin "A" kärhana puşmana tölegi hasaplanmaly. Onuň üçin, G7 öýjüge

=ЕСЛИ(B7="";ОКРУГЛ((СЕГОДНЯ()-A7)*0,01%*124520;2);ОКРУГЛ((B7-A7)*0,01%*124520;2))

 formulany berýäris
G7 öýjüge beren ýokarky formulamyz maddy gymmatlyk ýüklenýänçä gijä galynan her güne puşmana tölegi hasaplap başlaýar

Elektron jedweller

"A" kärhana maddy gymmatlygy 21.04.2021 senede 5 belgili Hasap faktura bilen ýükleýär.
Netijede, Şertnamanyň şerti bozulyp, "B" kärhana maddy gymmatlygy göz öňünde tutulanyndan 3 gün giç alýar. B8 öýjükde maddy gymmatlygyň ýüklenen senesini görkezsek elektron kartoçkamyzda ikinji ýazgy doly emele geler. Şeýle hem ýüküň ugradylandygy barada resminamanyň maglumatlaryny berip elektron kartoçkamyzyň üçünji ýazgysyny hem doldurýarys.

Elektron tablisalar

Ozal aýdyşymyz ýaly Şertnamanyň şertine görä "B" kärhana maddy gymmatlylar ýüklenen gününden soň 30 günüň dowamynda doly hasaplaşmaly diýlen. Diýmek maddy gymmatlyk 18.04.2021 senede ýüklenen bolsa, töleg 30 günden soň 20.05.2021 senä çenli tölenmäge degişli.
"B" kärhana 20.05.2021 senede alan maddy gymmatlygy üçin tölegi geçip bilmändigi üçin G7 öýjükdäki formulany G9 öýjüge

=ЕСЛИ(B9="";ОКРУГЛ((СЕГОДНЯ()-A9)*0,01%*64520;2);ОКРУГЛ((B9-A9)*0,01%*64520;2))

görnüşde nusgalap geçirýäris.
Netijede "B" kärhananyň gijä galýan bergisine tölegi geçýänçä puşmana hasaplanyp başlanýar.
"B" kärhana 21.06.2021 senede tölegi geçýär. B9 öýjükde tölegiň geçen senesini ýazanymyzdan soň G9 öýjükde gijä galan günlerine degişli puşmana tölegiň möçberi hasaplanyp ýazylýar.

Elektron tablisalary döretmek

Elektron kartoçkamyzyň indiki setirine tölegiň resminamasynyň ýazgylaryny geçirýäris.
Hasabat döwrüň ahyryna galyndyny - J11 we K11 öýjüklere deguşlilikde indiki formulalary berýäris:

=ЕСЛИ((СУММ(J5;J6:J10)-СУММ(K5;K6:K10))>0;СУММ(J5;J6:J10)-СУММ(K5;K6:K10);"")
=ЕСЛИ((СУММ(K5;K6:K10)-СУММ(J5;J6:J10))>0;СУММ(K5;K6:K10)-СУММ(J5;J6:J10);"")
Kategoriýa: Ýazgylar | Goşan: govshudovh
Görlenler: 180 | Загрузок: 0 | Reýting: 0.0/0
Kommentariýalaryň hemmesi: 0
avatar