16:50
Kriptowalýuta eýe bolmakda Ukraina we Russiýa ýurtlaryň sanawynda ilkinji orunlarda durýar.

“Triple A” töleg platformasynyň habar bermegine görä, häzirki wagtda 5,565,881 ukrainaly ýa-da tutuş Ukrainanyň ilatynyň 12,7% -i cryptowalýuta eýe. Bu, Ukraina raýatlarynyň cryptowalýutany işjeň ulanmaklarynyň netijesinde ýurtlaryň reýtinginde öňdeligi eýelemäge mümkinçilik berdi.

Ikinji ýeri Russiýa eýeleýär, bu ýerde 17,379,175 adam ýa-da ýurduň ilatynyň 11,91% kriptografik walýuta eýe. Üçünji ýeri 2,941,502 adam ýa-da ilatyň 10.34% -i bilen Wenesuela eýeledi. Ilkinji bäşlige Keniýa we ABŞ hem girýär.

Bitcoin

Çeşmäniň habar bermegine görä ukrainalylaryň 2020-nji ýylda bitcoin maýa goýumlaryndan takmynan 400 million dollar gazanyp, ukrain maýadarlaryny dünýäniň iň baýlarynyň birine öwürendigini habar berdi. Ukrainalylaryň bitcoin däbi adaty raýatlar bilen çäklenmän, ukrain hökümet işgärleri tarapyndan goldanyldy. Resmiler 2021-nji ýylyň başynda bitcoinleriň 2,6 milliard dollardan gowrakdygyny aýtdylar we “cryptowalýuta eýeleriniň iň köp sanlysynyň şäher geňeşlerinde, Goranmak ministrliginde we Milli polisiýada işleýändigini” bellediler. Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda Ukrainanyň jemi içerki önüminiň takmynan 10% -i ýurda iberilen şahsy pul serişdelerinden gelýär. Emigrasiýadaky ukrainalylaryň köpüsi, adaty bank usullaryny ulanyp pul geçirmek üçin ep-esli töleg töläp, maşgalalaryna pul ibermegi dowam etdirýärler. Şeýle-de bolsa, Bitcoin ukrainalylara banklary ulanmazdan serhetden has çalt we arzan pul ibermäge mümkinçilik berýär.

 

Terjimäniň ceşmesi: ixbt.com

 

Görlenler: 96 | Goşan: govshudovh | Reýting: 0.0/0
Kommentariýalaryň hemmesi: 0
avatar