Senäni ýazgyda almagyň üçünji usuly.

Biziň senäni ýazgyda almak barada berjek bu sapagymyz öňki sapaklara garanda has aňsatdyr.

 Biz bu gezek “2020-nji ýylyň noýabr aýynyň 16-y” görnüşde sene ýazgysyny alalyň.

Onuň üçin ikinji usulymyzda ulanan formulalarymyzy indiki sahypa nusgalalyň.

A7 öýjükdäki funksiýamyzy indiki görnüşe getireliň:

 =ВЫБОР(A4; "ýanwar"; "fewral"; "mart"; "aprel"; "maý"; "iýun"; "iýul"; "awgust"; "sentýabr"; "oktýabr"; "noýabr"; "dekabr")

ВЫБОР funksiýa bilen sene almak

 

A10 öýjüge

 =A5&"-nji ýylyň "&A7&" aýynyň "&A5&"-y" 

formula bersek ýeterlik.

Senäniň ВЫБОР funksiýa bilen alnyşy

 

Senäni diňe bir funksiýalaryň üsti bilen däl-de, eýsem EXCEL-de ýerleşdirilen gurallaryň kömegi bilen hem alyp bolýar. Öz formatymyz bilen senen almagyň dordünji usuly bilen "EXCEL-de gurallar" bölümde tanşyp bilersiňiz.

Kategoriýa: EXCEL-iň tilsimleri | Goşan: govshudovh (15.04.2021)
Görlenler: 107 | Reýting: 0.0/0
Kommentariýalaryň hemmesi: 0
avatar