Senäni ýazgyda almagyň ikinji usuly.

Biz öňki sapagymyzda senäni ýazgyda almagyň kyn usuly bilen tanyşdyk. Elbetde, ol usula birnäçämiziň düşünmedik bolmagy mümkin. Düşünmedik diýip şeýle bir alada edip oturmaň, 3-4 gün geçirip üns berip ýene gaýtalaň. Ýuwaş-ýuwaşdan düşünersiňiz.

Geliň indi ikinji usul bilen tanşalyň. Bu usul öňki seredeniňde aňsatdyr.

Bu gezek biz A1 öýjükde berlen 16.11.2020 görnüşde berlen senäni “16-njy noýabr 2020-nji ýyl” görnüşde alalyň. Biziň bu görnüşimizde ilki gün (16), onsoň aý (noýabr), soňra ýyl (2020) tertipde gelýär. Şonuň üçin A3, A4, A5 öýjüklerde degişlilikde ДЕНЬ, МЕСЯЦ, ГОД funksiýalary ulanyp, degişli san formatda maglumatlary alalyň.    

Bize A4 öýjükdäki aýyň san formatyndaky maglumatyny ýazgy görnüşe getirmek gerek. Onuň üçin A7 öýjüge aşakdaky funksiýany bereliň.

 =ПРОСМОТР(A4;{1;2;3;4;5;6;7;8;9;10;11;12};{"ýanwar";"fewral";"mart";"aprel";"maý";"iýun";"iýul";"awgust";"sentýabr";"oktýabr";"noýabr";"dekabr"})

Bu funksiýanyň okalyşy: A4 öýjügiň beren degişli tertip sanlaryndaky ýazgyny almaly.

A10 öýjüge

 =A3&"-njy "&A7&" "&A5&"-njy ýyl" 

formulany bersek, EXCEL bize “16-njy noýabr 2020-nji ýyl” diýen sene ýazgysyny berer.

ПРОСМОТР funksiýanyň kömegi bilen sene almak

Ine, biz senäni ýazgyda almagyň ikinji usuly bilen hem tanyşdyk.

Kategoriýa: EXCEL-iň tilsimleri | Goşan: govshudovh (15.04.2021)
Görlenler: 133 | Reýting: 5.0/1
Kommentariýalaryň hemmesi: 0
avatar