Excel barada.
Excel-de sanlar bilen baglanyşykly sada we çylşyrymly hasaplamalary, şeýle hem san bilen bagly bolmadyk - mysal üçin wagt, tekst bilen baglanyşykly çözgütleri işläp, şeýle hem dürli diagrammalary gurup bolar.
Iş kitaby we iş sahypasy.
Excel-de ýerine ýetirilýän hereketleriň netijesi Iş kitaby diýlip atlandyrylýan faýlda saklanýar. Iş kitaby aýratyn penjirede açylýar we biz gerek bolanda isledigimizçe iş kitabyny açyp bileris.
Her iş kitaby birnäçe sahypalardan ybarat. Iş kitabynyň sahypalarynyň ýarlygy iş penjiresiniň aşak çep tarapynda ýerleşendir. Biz şol sahypalaryň islendigine şol sahypanyň ýarlygyna syçanyň kömegi bilen kursory eltip basmak arkaly geçip bileris. Iş sahypasynyň adynyň üstüne kursoryň sag düwmesini basyp sahypanyň adyny üýtgetmek (Переименовать), ýarlygy reňklemek (Цвет ярлычка), ýygşyrmak (Скрыть), görkezmek (Показать), gerekmejegini bozup (Удалить) we gerek bolanda täze iş sahypalaryny geregiçe döredip (Вставить) bileris.
Surat 1.
Iş sahypalary hem öz gezeginde birnäçe öýjüklerden düzülendir. Ol öýjüklere biz islendik maglumatlary - san, tekst, sene, formula, funksiýa berip bileris.
Öýjük.
Iş sahypasy setirlerden (1-den 1 048 576 - a çenli) we sütünlerden (A - dan başlap XFD - e çenli jemi 16384 sany) ybarat. Islendik aýratyn alnan öýjük, şol öýjügiň ýerleşýän setiriniň we sütüniň kesişmesinde ýerleşýär. Öýjük haýsy HARPLY sütüniň we haýsy SANLY setiriň kesişmesinde ýerleşen bolsa, şol hem öýjügiň salgysy bolýar. Şeýleikde her bir öýjügiň öz salgysy bolýar. (Mysal üçin A1, F14, BA1428).
Şol öýjükleriň haýsy hem bolsa diňe biri işjeň ýagdaýda bolup bilýär.
Surat 2.
Ýokarky suratdan görnüşi ýaly biz 1-nji setir bilen B sütüniň kesişen ýerindäki öýjükde otyrys. Şol öýjügiň salgysy B1. Öýjügiň salgysy, ýagny sütüniň we setiriň belgisi "At" (Имя) meýdanynda görünýär. Surat 2.
Ol öýjügi işjeň ýagdaýa getirmek üçin syçanyň kömegi bilen kursory formulalar setirine
Surat 3.
ýa-da öýjügiň üstüne eltip basmaly. Şonda böküp duran taýajyk emele geler we öýjük işjeň ýagdaýa geler.
Surat 4.
Kursory setirleriň we sütünleriň arasyndaky serhete getirip, syçanyň çep düwmesine basyp saklap çepe-saga, aşak-ýokaryk çekmek arkaly öýjügi wertikal we gorizontal ýagdaýda giňeldip-daraldyp bileris.
Surat 5.
Diapazon.
EXCEL-de köp ulanylýan adalgalaryň biri hem diapazondyr. Diapazon näme? Öýjükler toplumyna diapazon diýilýär.
Surat 6.
Ýokarky suratda biz diapazony görýäris. Öýjükleriň salgysynyň bolşy ýaly diapazonlaryň hem salgysy bolýar. Olaryň salgysy diapazony alýan öýjükleriň başlanýan ýokarky çep öýjügiň we aşaky sag öýjügiň salgysynyň arasyna iki nokat (:) goýmak arkaly aňladylýar. Suratdaky diapazonyň salgysy G10:J21. G10 öýjükden J21 öýjüge çenli öýjükler toplumyny aňladýar.
Eger iki nokada derek (:) nokatly otur (;) bolsa, onda bu salgy diapazonyň däl-de iki öýjügiň salgysy bolýar, G10;J21 ýagny G10 öýjük bilen J21 öýjük.
Ýogsa-da diapazon nähili alynýar? Mümkin aramyzda diapazonyň nähili alynýandygyny bilmeýänimiz bardyr. Eger bar bolsa düşündirýäris. G10 öýjüge baryp syçanyň çep düwmesine basyp saklap, kursory J21 öýjüge çenli çekip syçanyň çep düwmesini goýberýäris ýa-da G10 öýjüge baryp SHIFT düwmä basyp saklap ←↑↓ → peýkamlaryň kömegi bilen J21 öýjüg alýarys. Daşy gara reňkli içi açyk gök reňkli meýdan - diapazon emele geler.
Diapazon näme üçin gerek?
Funksiýalaryň, formulalaryň şertine laýyklykda kesgitli diapazondan maglumatlary saýlap tapýarys we, işleýäris.
Maglumat bermek.
EXCEL goşundy san, tekst, formulalar bilen işleýär. Satylan harydyň möçberi, sapaga gatnaşýan okuwçylaryň sany - bular san maglumatyna degişli.
Sandan başga EXCEL - de tekst (ýazgy) maglumaty hem ulanylýar. Mysal üçin A3 salgyda "12 okuwçy", A4 salgyda "15 okuwçy" diýlip ýazylan bolsa, biz şu maglumatlaryň esasynda matematiki amallary ýerine ýetirip bilmeýäris. Onuň sebäbi EXCEL bu maglumatlary tekst hökmünde kabul edýär. Matematiki amal ýerine ýetirmek üçin sanlary, sözleri aýry salgylarda ýazmaly.
EXCEL - de formulalar göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda EXCEL ýazgy prosessory ýaly bolardy. Formulalar, funksiýalar EXCEL- de elektron tablisalary gurmaga, san bilen baglanyşykly çylşyrymly, hatda söz bilen baglanyşykly hasaplamalary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
|