Mekdep synplary üçin elektron žurnalda okuwçylaryň sanyny jynsyna görä awtomat hasaplatmak.

EXCEL iş kitabynda elektron žurnalyň jemleýji sahypasyny taýynlaýarys. Gyz we oglan okuwçylaryň atlary, familiýalary bilen doldurýarys.

Oglan we gyzlar

Sahypanyň islendik öýjügine, goý AA9 bolsun,

 =ПСТР(B4;1;НАЙТИ(" ";B4;1)-1) 

funksiýa içi funksiýany bereliň.Bu kombinirlenen funksiýa bize B4 öýjýkde ýerleşen okuwçynyň familiýasyny alyp berer. Ýagny öýjükde ýerleşen maglumatyň birinji boşluga çenli harplaryň, sanlaryň yzygiderliligini alyp berýär. Biziň mysalymyzda l harplaryň yzygiderliligi "Aşyrowa".  B4 öýjüge islendik okuwçynyň ilki familiýasyny soňra adyny ýazsak biziň AA9 öýjüge beren formulamyz şol okuwçynyň familiýasyny saýlap berer.

Jynsy kesgitlemek

Familiýany alanymyzdan soň biziň indiki ýerine ýetirmeli işimiz, şol alan familiýamyzyň gyz okuwçamy ýa-da oglan okuwça degişlidigini kesgitlemeli. Gyz okuwçylaryň familiýasynyň ahyry adatça "a" harpy bilen gutarýar. Ine şu hem bize oglan bilen gyzy tapawutlandyrmaga kömek eder.

Biziň indiki berjek megaformlamyzy

=ЕСЛИ(ЕОШИБКА(AA9)="";0;ЕСЛИ(ПРАВСИМВ(AA9;1)="a";"a";"e"))

AA8 öýjüge ýerleşdireliň. Bu megaformula AA9 öýjüge beren formulamyzyň kömegi bilen alan familiýamyzyň ahyry "a" bilen gutarýan bolsa, şol "a"-ny alyp berer. Şol öýjükde ýerleşen familiýa oglan okuwçynyňky bolsa, AA8 öýjükde "e" harpy ýazylar.

Elektrn žurnal

Indiki okuwçylar üçin hem degişli öýjüklerde ýokaky funksiýalary berýäris we gyz we oglan okuwçylary kesgitleýäris.

Ine, indi gyz we oglan okuwçylaryň sanyny jemläýmek galdy. Onuň üçin Y258 öýjüge

=СЧЁТЕСЛИ($AA$4:$AA$255;"a")

Y259 öýjüge

  =СЧЁТЕСЛИ($AA$4:$AA$255;"e") 

formulalary berýäris. 

Gyzlar, oglanlar

  Şeýlelikde biz mekdep synplary üçin elektron žurnalda okuwçylaryň sanyny jynsyna görä awtomat jemlemegi öwrendik. Ýazgymyzyň size peýdasy degendir diýip tama edýärin.       

Kategoriýa: EXCEL-iň tilsimleri | Goşan: govshudovh (18.09.2021)
Görlenler: 83 | Reýting: 5.0/1
Kommentariýalaryň hemmesi: 0
avatar