Funksiýalar

Siz EXCEL-de işleýän bolsaňyz formula bilen deň derejede funksiýa diýip hem eşidýänsiňiz. Köplenç bu iki düşünje biri-birine sinonim ýaly bir zat hökmünde ulanylýar. Belli bir derejede bu ýalňyş hem däl. Ýöne şeýle hem bolsa, olaryň arasynda tapawut bar. Formulada islendik aňlatma ulanyp bolýar. Şonuň bilen birlikde funksiýa hem öz ýerine ýetirmeli wezipesine görä ýörite at berlen EXCEL-iň özünde goýlan formuladyr. 


Funksiýanyň görnüşleri
EXCEL-de funksiýalar kategoriýalara bölünen. Her kategoriýada onlarça funksiýalar ýerleşdirilen. Kategoriýalaryň görnüşi (sany) EXCEL-iň tapgyrlarynyň (wersiýasynyň) täzelenmegi bilen kategoriýalaryň köpelýär. 2013-nji tapgyrynda kategoriýalaryň “Maliýe” (Финансовые), “Sene we wagt” (Дата и время), Matematiki (Математические) ýaly jemi 13 görnüşi ýerleşdirilen.

Funsiýanyň görnüşleri

EXCEL-iň tapgyrynyň täzelenmegi bilen täze funksiýalar goşulyp, olaryň sany hem köpelýär.
Iň bir gyzykly ýeri biz EXCEL-i ýeterlik öwrensek özümiziň hem funksiýa döredip biljekligimizdir. Biz funksiýa döredip, EXCEL-e goşsak “Ulanyjy tarapyndan kesgitlenen” (Определенные пользователем) kategoriýa goşulyp, kategoriýalaryň sany (14) artýar.
 

Funksiýa döretmek

 

Funksiýalaryň alnyşy
Funksiýalary nähili almaly? 
1-nji usul. Lentadan “Formulalar” (Формулы) wkladkany saýlaýarys we “Funksiýany al” (Вставить функцию) basýarys we kategoriýalaryna baglylykda funksiýany saýlaýarys.

Funksiýa näme

2-nji usul. Ýa-da  fx kömegi bilen (men esasan şu usuly ulanýaryn) funksiýalar ussasyny çagyrýarys we

Funksiýanyň alnyşy

gerek funksiýamyzy saýlaýarys.

Funksiýa

Funksiýa almagyň ýene bir 3-nji usuly, eger ulanjak funksiýaňyzyň adyny bilýän bolsaňyz, ony ýazyp başlasaňyz EXCEL size aljak funksiýaňyza gabat gelýän görnüşleriň atlaryny teklip eder.

Funksiýa saýlamak

Teklip edilen funksiýalaryň sanawyndan saýlap, TAB düwmä basyp, alan funksiýamyzyň argumentlreini berip bileris.

Funksiýanyň argumentleri
Funksiýalar hem formulalar ýaly deňdir (=) belgisi bilen başlap funksiýanyň adyndan soň ýaý (skobka) açylýar, argumentleri berilenden soň ýaý ýapylýar. Funksiýalar argumentsiz, bir we birnäçe argumentli bolup bilýär. Argumentler nokatly otur bilen bölünýär. Argumenti bar bolan funksiýanyň ýazgysy aşakdaky ýalydyr:
= FUNKSIÝANYŇ ADY (argument 1 ; argument 2; argument 3 )

Argumensiz funksiýa indiki görnüşde bolýar:
= FUNKSIÝANYŇ ADY ()
Argumentler konstanta, öýjüge salgylanma, öýjükler toplumy (диапазон), massiw, formula we başga bir funksiýanyň netijesi görnüşinde bolup biler.
 

Kategoriýa: EXCEL-iň tilsimleri | Goşan: govshudovh (13.04.2021)
Görlenler: 126 | Reýting: 0.0/0
Kommentariýalaryň hemmesi: 0
avatar