EXCEL-de salgylanmalar

EXCEL-e düşünmek isleýän bolsaňyz salgylaryň görnüşlerini bilmek zerurdyr.
Siz formulalarda, funksiýalarda salgylaryň A1, A$1, $A1, $A$1 görnüşlerine gabat gelýänsiňiz.
A1 görnüşli salgylanama otnositel salgylanma diýilýär. Otnositel salgylanma nusgalananda degişlilikde salgy hem üýtgeýär. Mysal üçin D1 öýjüge berlen =СУММ(A1+B1+C1) otnositel salgyly funksiýa D2 öýjüge nusgalananda =СУММ(A2+B2+C2) görnüşe gelýär.

salgy

Nusgany indiki öýjüklere geçirmegi dowam etdirsek biziň funksiýamyzyň salgysy hem degişlilikde üýtgemegini dowam etdirýär.
Egerde bize ýokardaky getiren mysalymyzdaky salgylaryň jemini başga bir salgyda ýerleşdirilen üýtgäp duran ululyga köpeltmek, bölmek ýa-da göterime almak gerek bolsa, otnositel salgy biz üçin amatsyz bolup çykýar.
 

salgylanma

Setir we sütün belgileri fiksirlenmedik (berkidilmedik) salga otnositel salgy diýilýär.
Bize bu ýerde absolýut salgy kömek edýär. Otnositel salgyny absolýut salga öwürmek üçin sütün belginiň we setir sanynyň öňünde $ belgi goýulýar, ýa-da funksiýada üýtgewsiz durmaly maglumat ýerleşdirilen salgyny işjeň ýagdaýa getirip F4 düwmä basmaly. Biziň G1 salgymyz $G$1 görnüşi alar. Ine indi näçe setire nusagalasak hem fiksirlenen $G$1 salgymyz üýtgewsiz galar.

öýjüge salgy


Sütün ($A) we setir ($1) fiksirlenen salga absolýut salgy diýilýär.
Setir (A$1) ýa-da sütün ($A1) fiksirlenen salgylara garyşyk salgy diýilýär. Eger garyşyk salgyny nusgalasak setiriň ýa-da sütüniň haýsy fiksirlenmedik bolsa degişlilikde üýtgäp, fiksirlenen sütün ýa-da setir üýtgewsiz ýagdaýda bolar.
 

Kategoriýa: EXCEL-iň tilsimleri | Goşan: govshudovh (13.04.2021)
Görlenler: 170 | Reýting: 0.0/0
Kommentariýalaryň hemmesi: 0
avatar