Ч funksiýasy ýa-da formulalara, funksiýalara kommentariýa bermek.

Islendik programmirleme dillerinde çylşyrymly wezipeleri ýerine ýetirýän kodlara düşündiriş bermek mümkinçiligi bolan elementler göz öňünde tutulan. Wagtyň geçmegi bilen şeýle hem berlen kodlaryň sanynyň köpelmegi netijesinde ol kodlaryň ýerine ýetirýän işleri ýatdan çykyp bilýär. Ol elementlere HTML-de <!--  --> görnüşde bolsa, CSS-de /* */ belgiler ulanylýar.

EXCEL-de şol wezipäni "Ч" funksiýanyň kömegi bilen alyp bolýar. EXCEL-iň öz düşündirişinden alnan 1-nji suratda bu funksiýanyň ulanylyşy barada şeýle ýazgylar berlen. Sany - San, EXCEL-iň öz formatynda alnan Senäni - Sene, Hakykat (ИСТИНА) - 1, Ýalan (ЛОЖЬ) - 0, #ДЕЛ/0 ýaly ýalňyşlary - ýalňyş, islendik beýleki bahalary - 0 bahany berýär. Diýmek ýazgyny hem 0 baha öwürýär.

"Ч" funksiýasy

1-nji surat.

Üns berilmeýän funksiýalaryň biri bolan bu "Ч" funksiýany megaformulalarda ulanmak amatlydyr. Onuň aşakdaky suratda ulanylyşyny görýäris.

"Ч" funksiýany ulanmak

2-nji surat.

"Ч" funksiýanyň ulanylyşy3-nji surat.

Kategoriýa: EXCEL-iň tilsimleri | Goşan: govshudovh (17.06.2021)
Görlenler: 108 | Reýting: 0.0/0
Kommentariýalaryň hemmesi: 0
avatar