Şertli formatirleme. Öýjükleri tapawutlandyrmagyň Tertibi.

Şertli formatirleme maglumatlary seljermek we alnan netijeleri aýdyňlaşdyrmaklyk üçin, galyberse-de elektron tablisany Akylly elektron tablisa(!) öwürmäge mümkinçilik berýän amatly gural. Bu gural uly göwrümli resminamadan gerekli maglumatlary çalt  tapawutlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Şertli formatirleme Главная→Стили→Условное форматирование tertipde alynýar.

Şertli formatirleme

Sag tarapynda aşakda ýerleşen peýkamjyga basyp şertli formatirlemäniň menýusyny çagyryp bolýar.  

Öýjükleri tapawutlandyrmak.

Öýjüklere şertli formatirleme goýmak.

Öýjükleri tapawutlandyrmagyň Tertibi (Правила выделения ячеек) toparyndan Şertli formatirlemäniň ulanylyşynyň birnäçe mysalyna garap geçeliň.
Elektroenjam ýerlmek bilen meşgullanýan telekeçi öz 11 söwda agentlerine her aýda 18-20 birlik önüm satmaklygy şert edip goýupdyr diýeliň. Aşakdaky tablisada her bir agendiň geçen hasabat döwründe ýerlän enjamlarynyň sany berlen. Tablisadan görnüşi ýaly bellenen çäge ýetmedik (1), bellenen çäkden artyk (2) we bellenen çägiň möçberinde (3) söwda eden agentleriň bardygyny görýäris.

Elektron tablisa şertli formatileme goýmak.

Biziň tablisamyzyň şu ýagdaýda adaty kagyza geçirilen tablisadan tapawudy ýok. Geliň biz adaty tablisamyzy hakyky manysynda elektron tablisa (!) öwreliň. Onuň üçin ECXEL kitabynyň islendik bir sahypasynda ýokarky tablisany taýýarlalyň we tablisadaky şol sanlaryň bellenilen çäge ýetmediklerini (1) şertli formatirlemäniň kömegi bilen tapawutlandyralyň.

Gerekli netijäni almak üçin B5:B13 diapazony alalyň we şertli formatirlemäniň menýusyndan Условное форматирование (УФ) → Правила выделения ячеек → меньше... saýlalyň. 

Tablisa şertli foormatirleme goýmak.

Ekrana çykan wkladkanyň çepinde şertimizi (Форматировать ячейки, которые МЕНЬШЕ:) - 18 sany görkezýäris.

Kiçi bolanda öýjügi fopmatirlemek.

Şerte laýyk gelýän maglumatlar EXCEL – de adatça öýjüge açyk-gyzyl guýlan reňk we goýy-gyzyl ýazgy (Светло-красная заливка и темно-красный текст) format berlen bolýar. “OK” basanymyzdan soň EXCEL – iň ajaýyp gurallarynyň biri bolan şertli formatirlemäniň bize beren netijesini görýäris.

EXCEL 2003-de öýjüge, diapazona bary-ýogy üç şert berip bolýan bolsa, EXCEL 2007-de ol çäk köpeldilendir.
Geliň biz B5:B15 diapazona ikinji şertimizi bellenilen çäkden artyk satylan harytlaryň sanyny tapawutlandyrmaklyga (2) başlalyň. Diapazony tapawutlandyralyň formatirlemäniň özümize gerek kategoriýasyny УФ → Правила выделения ячеек → больше... saýlalyň.
Ekrana çykan wkladkanyň çepinde şertimizi (Форматировать ячейки, которые БОЛЬШЕ:) - 20 sany görkezip, öýjüge sary guýlan reňk we goýy-sary ýazgy (Жёлтая заливка и темно-жёлтый текст) format berip “OK” basalyň.

Uly bolanda şertli fotmatirleme bermek.

Ine biz iki şertli fomatirleme berlen diapazony aldyk.
Netije:


Şertli formatirleme barada.

Ikinji şerti hem aldyk.

Tablisada bellenilen çägiň möçberinde (3) söwda eden agentleriň sanyny tapawutlandyrmaga özbaşdak synanyşyň. УФ → Правила выделения ячеек → между... basalyň we stilleri saýlalyň. (Форматировать ячейки, которые МЕЖДУ:) – gepleşik penjirede bellenilen möçberiň şkalasy görkezilen öýjükleriň salgylaryny =$F$5 we =$G$5 berip, formaty saýlalyň we "OK" basmagy ýatdan çykarmalyň.

Araçäge şertli formatirleme bermek.

Netijede biz salgy arkaly diapazona şertli formatirleme bermek bilen hem tanyşdyk.

Ine, şertli formatirlemede öýjükleri tapawutlandyrmagyň tertibi baradaky ýazgymyz şulardan ybarat. 


 

Kategoriýa: EXCEL-de gurallar | Goşan: govshudovh (07.05.2021)
Görlenler: 184 | Reýting: 0.0/0
Kommentariýalaryň hemmesi: 0
avatar