Içinde sene bolan ýygy-ýygydan täzelenip duran sözbaşyny almagyň gysga usuly.

Formatyň kömegi bilen sene bilen baglanyşykly ýazgy almagyň ýene bir gyzykly usuly bilen tanşalyň. 
Iş resminamalarynda köplenç aý, ýyl, aýyň güni getirilip ýazylýan we her aýda täzelenip duran sözbaşylar gabat gelýär. Mysal üçin:
1.    215-nji toparda okaýan talyplaryň 2021-nji ýylyň fewral aýynda okuwa gatnaşygy barada Maglumat;
2.    Süýt we süýt önümleri sehinde 2021-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda öndürilen önümleriň möçberi barada HASABAT;
3.    2021-nji ýylyň mart aýy üçin Ýolagçylaryň şäherara gatnawy boýunça Seljerme.

Gündelik ýa-da aýda gabat gelýän şular ýaly hasabatlarda, seljermelerde we beýleki resminamalarda gaýtalanýan ýokarky ýazgylary almagyň sada usuly EXCEL-de bar. Bu usulyň praktikada uly ähmiýeti bolmasada, geliň onuň bilen Buhgalter hasabaty işlenende her aý gaýtalanýan, şonda diňe aýyň ady üýtgeýän “2021-nji ýylyň fewral aýy üçin Dolanyşyk-galyndy wedomosty” resminamanyň sözbaşysy mysalynda tanşyp geçeliň.

Sözbaşy ýazylmaly öýjüge barýarys (goý ol öýjük bizde C50 bolsun), Главная →Формат →Формат ячеек →Число →Числовые форматы: → (все форматы) saýlaýarys.
we oňa [$-10442]ГГГГ"-nji ýylyň " ММММ “aýy üçin Dolanyşyk-galyndy wedomosty“ formaty berýäris.

Excelde sene

Ine, bolany! 

C50 öýjüge islendik sene bersek, EXCEL salga beren formatymyzyň kömegi bilen görşümiz ýaly buýruklar setirinde C50 salgynyň ýazgysynyň sene görnüşdedigine garamazdan,bize özümize gerek ýazgyny berer. 

format bilem sene ýazmak

 

 
 

Kategoriýa: EXCEL-de gurallar | Goşan: govshudovh (26.04.2021)
Görlenler: 133 | Reýting: 0.0/0
Kommentariýalaryň hemmesi: 0
avatar