Formatirlemek

Format näme? 
Format – bu elektron tablisanyň maglumatlaryň görnüşini, olaryň ýerleşýän ýerini öz islegimize görä sazlamaga mümkinçilik berýän köp funksiýaly gural.
Umuman EXCEL-de formaty 3 ugra bölsek ýalňyş bolmasa gerek. Birinjisi maglumatlaryň şriftini, ölçegini,ugryny we reňkini üýtgedýär. Indiki ugry maglumatlaryň ýerleşýän meýdanyny – öýjügi, diapazony islendik görnüşde reňklemäge, tablisa görnüşe getirmäge, tablisanyň ýa-da öýjügiň meýdanyny wertikal – gorizontal üýtgetmäge, tablisanyň araçäkleri dürli görnüşde we dürli reňkde çyzmaga mümkinçilik berýär.
Elektron tablisanyň bu artykmaçlyklaryny ulanmak üçin Baş menýuda (Главная) ýerleşdirilen gurallar toplumynda ýerleşen gurallardan peýdalanyp bileris.

format
1-nji surat.

Lentada ýerleşdirilen bu gurallar bilen tanşalyň:
1 – Şrift;
2 - Ölçeg;
3 – Ýarymgoýy, kursiw, aşagy çyyzykly;
4 – öýjügiň çäkleri;
5 – öýjügi reňklemek;
6 – Harpy reňklemek;
7 – Ýazgynyň ugryny sazlamak;
8 – Ýazgyny indiki setirde dowam etmek;
9 – Birleşdirmek we merkezde ýerleşdirmek;
10 – formaty saýlamak;
11 – maliýe, göterim, bölüji, razrýad formatlary sazlamak. 
Главная → Формат → Формат ячеек wkladkalaryň üsti bilen (2-nji surat)
 

Formatirlemek

2-nji surat.

we iş sahypasynyň islendik ýerinde syçanyň sag düwmesine basyp alnan kontekst menýunyň (3-nji surat) kömegi bilen alnan gepleşik penjiresiniň (4-nji surat)

sany formatirlemek

3-nji surat.


maglumatyň, öýjügiň, diapazonyň formatyny sazlamak üçin amallary köpdürlidir. 

Формат ячеек gepleşik penjiresiniň “San” (Число) formaty arkaly biz öýjüge berjek maglumatymyzyň formatyny saýlap bilýäris. Aşaky suratda K15 öýjüge “Ýazgy” (Текстовый) format bilen berlen maglumaty görýäris.

ýazgyny formatirlemek

4-nji surat.


Indiki suratda K12 salga berlen maglumatyň “Deňleme” (Выравнивание) gurallar toparynyň kömegi bilen maglumatlaryň ýerleşdirilişini, ugrunyň üýtgedilendigini, K12:K14 öýjükleriň birleşdirilendigini we sözleriň hatarynyň köpeldilendigini görýäris.

maglumaty formatirlemek

5-nji surat.


6-njy suratda O15 öýjüge “Şrift” (Шрифт) gurallar topary bilen talaplar görkezilen. Bu gurallar toparynyň kömegi bilen maglumatyň şriftini, görnüşini, ölçegini we reňkini saýlamak, şeýle hem maglumatyň aşagynda çyzyk goýmak, üsti çyzylgy maglumat ýazmak, setiriň aşagynda, ýokarsyndan ýazmak ýaly mümkinçilikleri ulanyp bolýar.
öýjügi formatirlemek

6-njy surat.


Formatyň “Çäk” (Граница) gurallar topary öýjügiň, diapazonyň çägini formatirlemäge, ýagny dürli ölegli we görnüşli çyzyklar bilen tapawutlandyrmaga, çäkleri tapawutlandyrýan çyzyklary islegimize görä reňklemäge mümkinçilik berýär.

diapazony formatirlemek

7-nji surat.

tablisany formatirlemek

8-nji surat.


Формат ячеек wkladkanyň “Reňklemek” (Заливка) gurallary öýjügi diňe bir dürli tekiz reňklemek däl-de eýsem gradiýentli (9-njy surat), nagyşly (10-njy surat - nagyşy, düşegi dürli reňkde) reňk bermek üçin niýetlenendir.


jedweli formatirlemek

9-njy surat.

öýjügi reňklemek

10-njy surat.


Biziň bu gysga bolmadyk ýazgymyz format barada EXCEL-iň mümkinçiliklerini doly açyp bilenok. Ol bir makalanyň çäginde mümkin hem däl. Ol mümkinçilikler bilen maksimal tanyşmak üçin gurallary köp ulanmaly, tejribe toplamaly.
 

Kategoriýa: EXCEL-de gurallar | Goşan: govshudovh (28.04.2021)
Görlenler: 157 | Reýting: 0.0/0
Kommentariýalaryň hemmesi: 0
avatar