0 we 0-dan kiçi sanlar.

MS EXCEL-de tablisalarda hasaplamalar ýerine ýetirilende netije 0-a deň bolan öýjüklerde 0 bahanyň görünmegi käbir halatlarda  amatsyzlyklary döredýär. Şol amatsyzlygy aradan aýyrmagyň mysallaryna biz şu ýazgymyzda seredip geçeris.

Şol amatsyzlyklary aradan aýyrmagyň birnäçe usullary bar. Biz şol usullaryň 4 - si bilen şu ýazgymyz arkaly tanyşalyň.

 

1-nji usul.

0 sany guzlemek

Faýla girýäris.

0 sanlary ýygnamak

Parametri saýlaýarys.

0 sanlary görünmez ýaly etmek

Дополнительно gepleşik penjireden 

скрыть 0 значении

Atanagy aýyrsak, öýjüklerde 0 - a deň bolan bahalar görünmez.
 
не показывать 0 значении

Ýazgymyzy dowam etdirýäris.

 

 2-nji usul.

Buhgalter ýazgylary jemlenende her bir hasabyň baha galyndysy hasaplanýar. Galyndynyň bahasy çykarylýan öýjükleriň birinde položitel san emele gelse, beýlekisinde otrisatel san çykýar. Şu ýagdaýda 2-nji usuly ulanmak amatlydyr.

Format arkaly 0 sanlary ýygnamak

F4 we G 4 öýjükleri alyp Главная→Формат→Формат ячеек...→Число→Числовые форматы:→(все форматы) →Тип şu ýere formatyň görnüşini - 0,00;; bereliň. Şeýlelikde biz özümize gerek netijäni alarys.

Format arkaly 0 sanlary gizlemek.

 

3-nji usul.

Bu usul ikinji bilen meňzeşdir.

Nol bahalar ýygnalmaly meýdany alalyň.

0 sanlary formatyň kömegi bilen ýygnamak

Число - (все форматы) saýlalyň. Formatyň görnüşi (Тип) setirde Основной;Основной; ýazgyny bereliň. Ine bolany. Biz bu usul arkaly hem öz gerek netijämizi aldyk.

Format bilen 0 sanlary gizlemek

 

4-nji usul.

Bu usuly almak üçin Şertli formatirlemäni ulanarys. Biziň netije almaly elektron tablisamyzyň başlangyç görnüşi aşakdaky ýaly.

Şertli formatirleme bilen 0 sanlary gizlemek

0 bahalar ýygnalmaly meýdany saýlalyň we indiki yzygiderlilikde Условное форматирование→Создать правило...→Использовать формулу для определения форматируемых ячеек→Форматировать значения, для которых следующая формула является истинной: setirde =B25=0 formulany bereliň.

0 sanlary şertli formatirleme bilen ýygnamak.

Формат düwmä basyp degişli formaty saýlalyň. Шрифт→Цвет we gerekli - ak - reňkimizi saýlalyň.

0 sanlary şertli formatirlemäniň kömegi bilen gizlemek

Ýokarda beren formulamyz alnan diapazondaky formulalaryň netijesi 0 san deň bolsa, olaryň reňkini jedweliň düşegi bilen meňzeş ak reňke öwürmelidigini aýdýar. Netijede ak reňkli 0 sanlar ak düşekde görünmeýärler.

Öýjüklerdäki sanlary görümez ýaly etmekligi formulalaryň kömegi bilen hem alyp bolýar. Biz olaryň biri bilen ýakyn wagtda EXCEL-iň tilsimleri bölümimizde tanyşdyrarys. 

Kategoriýa: EXCEL-de gurallar | Goşan: govshudovh (13.05.2021)
Görlenler: 333 | Reýting: 0.0/0
Kommentariýalaryň hemmesi: 0
avatar