Türkmenistanyň Maliýe ministriniň 2012-nji ýylyň 5-nji noýabryndaky № 198-Ö buýrugy bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2012-nji ýylyň 17-nji noýabrynda 670 san bilen bellige alynan (Türkmenistanyň Maliýe ministriniň 2014-nji ýylyň 19-njy martynda çykaran 35-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanylan we Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2014-nji ýylyň 9-njy aprelinde 749 san bilen bellige alnan üýtgetmeleri we goşmaçalary hasaba alan) "BUHGALTERÇILIK HASABA ALNYŞYNYŇ HASAPLARYNYŇ MYSALY MEÝILNAMASYNYŇ" 1-nji böleginde tassyklanyşyna görä "...täjirçilik kärhanalary üçin, döwletiň býujet edaralary üçin maliýe hasabatlylygynyň milli standartlaryna hem-de kiçi we orta telekeçilik kärhanalary üçin milli standarta laýyklykda işlenip taýýarlanylan..." gözükdirmäniň 299-njy böleginde Debetde 800083 "Girdejileriň we çykdajylaryň jemi" hasaby, Kreditde "hasabat döwründe geçirilen çykdajylaryň ähli hasaplary" we Teswirde "hasabat senesindäki ýagdaýa görä çykdajylary ýapmak" diýlip düşündiriş berilen.
Meniň üçin göni ikinji ýazgyny ulanmak amatly. Meniň üçin ikinji ýazgy amatly. Sebäbini düşündirmäge bir kommentariýanyň çäginde mümkin däl. Umuman köpçülige hödürläniňde gözükdirmä esaslanmaly. Şonuň üçin siziň belligiňizi - dogry warianty kabul etdim.